19.12.2023 Gollanma103 .

Rysgal-berekediň ýyly


Dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki wagtda milady ýyl hasaby ýöredilýär. Sene hasabyny ýöretmegiň bu görnüşi öz gözbaşyny Ýuliý senenamasyndan alyp gaýdýar. Ýuliý Sezar biziň eýýamymyzdan öňki 46-njy ýylda Rimiň iň ýokary hökümet işgäri hökmünde taryha girýär. Onuň senenamasynda 1 ýyl 365 gün 6 sagatdan ybarat bolup, 12 aýa bölünýär. Ýylyň başy 1-nji ýanwardan başlanýar, 31-nji dekabrda bolsa tamamlanýar. Rim serkerdesi Gaý Ýuliý Sezar ýurtda Ýulian, ýagny gün senenamasyny girizipdir. Bu senenamadaky käbir ýalňyşlary düzetmek üçin Rim papasy Grigoriý ХIII 1582-nji ýylda ýörite topar döredýär. Bu toparyň karary bilen ýylyň uzaklygy 365 günlügine galýar. Artykmaç gidýän 3 güni her 400 ýyldan aýyrmagy, özem günleri 4-e bölünmeýän asyrlardan aýyrmagy karar edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň 1954-nji we 1956-njy ýyllarda geçiren 18-nji we 21-nji sessiýalarynda Bütindünýä senenamasyna seredilip geçilýär. Ýyly 12 aýa bölüp, 365 günli ýyly belleýärler, uzak ýyly bellemek — 366 günli ýyly bellemek, aýlary hepdä bölmek (hepde 7 gün bolmaly) ykrar edilýär. Şeýlelik bilen, milady ýyl hasaby kem-kemden kämilleşip, häzirki görnüşine gelýär.

Ýer şarynyň aglaba böleginde 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gijede Täze ýyly garşylamak däbe öwrüldi.

Öňden däp bolşy ýaly, türkmençilikde Täze ýyl haýsy haýwanyň ady bilen gelýän bolsa, şol haýwanyň häsiýetine görä, ýylyň nähili boljakdygy barada çaklama ýörelgesini ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri dowam etdiripdirler. Geljek ýylyň luw ýyly bolmagy ýene bir berekede we bolçulyga baý ýyllaryň biriniň boljakdygyny habar berýär.

Türkmen halk döredijiligindäki ertekiler ýöne ýerden döremeýär. Olaryň aňrysynda ynsan durmuşy, niýeti, arzuwy ýatyr. «Akylly Ahmet» halk ertekisinde derýanyň balyklarynyň dürleri alyp çykmagy, Ahmediň emel bilen alyp galmagy egsilmez rysgalyň nyşany. Garyp oglanyň galkynmagynyň keşbiniň beýanydyr. «Çopan ogly» atly türkmen halk ertekisinde çopanyň ogly aldawa düşüp, dagyň üstünde çykgynsyz ýagdaýda galýar. Oglan öz ýanyndan «Meniň etim gurt-guşlara ýal bolandan, derýadaky balyklar iýsin» diýip, özüni derýa oklap, balygyň kömegi bilen halas bolýar. Munuň özi balygyň gowy häsiýetini, ynsana bolan ýakynlygyny aňladýar. Diýmek, balyk berekedi, bagtly durmuşy aňladýar. Ata-babalarymyzyň aň eleginde eýlenen nakyllarda hem balygyň häsiýetleri açylyp görkezilipdir. «Balyk iýse, guýrugy semrär», «Balygyň diriligi suw bilen», «Köl balygy — il baýlygy», «Balygyň özi suwda bolsa-da, gözi gyrda» ýaly balyk bilen bagly onlarça nakyllar bar.

Her bir tutan döwletli işiniň başyny aý-gün hasaby bilen başlamak türkmen halkynyň has gadymy adatydyr. Gündogar senenamasynda geljek ýylyň reňki ýaşyl reňk hasap edilýär. Şundan çen tutsaň geljek ýyl şowlulygyň we abadançylygyň ýyly bolar. Bu rahatlyga, berekede ymtylyşdyr. Luw ýylynda edilen işleriň egsilmez berekedi bolar, üstünlikleriň, rowaçlyklaryň gerimi has-da giňär.

Täze ýylda hormatly Gahryman Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ähli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.

Eziz ildeşler, Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Maral GARAGULOWA,
Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

"Watan" gazeti, 19.12.2023

Tmpedagog