13.12.2023 Gollanma111 .

At agynan ýerde toý bolar (Hoş habaryň ýalkymy)


«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Täze ýyla uludan taýýarlyk görülýän gyzgalaňly günlerde ýurdumyza hoş habarlaryň ikisiniň gelip gowuşmagy bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanylandygy aýdyldy.

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt şu ýylyň 5-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, baý mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli mirasa, birinjiden, milletiň ýa-da halkyň psihologik, döredijilik aýratynlyklaryny, özboluşlylygyny ýüze çykarýan, ikinjiden, ata-babalarymyz tarapyndan timarlap-taraşlanyp geljek nesillere geçirilýän gymmatlyk hökmünde garalsa dogry bolar. Şu jähetden seretsek, milli mirasda halkyň edim-gylymlary, iň gowy däpleri, ynam-ygtykady öz beýanyny tapýar.

Türkmen bedewini alyp göreliň! Bu barada Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Atyň aganamadyk ýerinde» diýen jümle bar. Bu jümläniň aslynda bedewleriň gelip çykan ýeri hem-de gadymylygy hakyndaky meseläniň açary ýatyr. Türkmenleriň bir pähiminde: «Bedew ata oýundanam gaňňa salma» diýilýär. Türkmeniň şeýle belent ynamyna mynasyp bolan bedewler bolsa, özüniň tebigy taýdan ýaýran hem-de ynsan terbiýesini gören ýerinden başga ýerlerde «üýşüp ýatmajakdy». Şu toprakda türkmenler tüýs zerur we öz wagtynda peýda boldy. Derde derman howaly we tebigy taýdan eşretli bu mekanda olara ýaby garaşýardy. Adamlar bolsa yhlasyny we mährini siňdirdiler — ol ýabydan dal bedew kemala geldi».

Şol bedewler — dal bedewler, soňlugy bilen, bütin dünýä ýaýrap, giň meşhurlyga ýetýär we olar «ganatly bedewler», «asman atlary», «Nusaý atlary», «behişdi bedew» ýaly dürlüçe atlara eýe bolýar. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, parfiýalylaryň gelmegi bilen ajaýyp bedew Mesopotamiýadan Hindistana çenli ägirt uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär.

Mertlik nyşany! Milli kökleri yzarlanyňda — gadymy türkmen edebiýatynyň, taryhynyň sahypalaryna ser salanyňda, goç ýigit we bedew at düşünjeleriniň biri-biri bilen utgaşyp, hatda birleşip, bir bitewi düşünjä öwrülip gidýändigine, mertlik nyşanynyň ajaýyp teswirine şaýat bolýarsyň.

Bedew arlap dag aşanda,
Ýetip, ganyma duşanda,
Beglerim esräp joşanda,
Daglar gümmür-gümmürlendi.

Ýoldaşlyk — gardaşlyk nyşany! Türkmen «Göroglusynda» halkymyzyň özboluşly häsiýet aýratynlyklary inçelik bilen yzarlanylýar. Şunda bedewiň ýoldaşdygyna — çyn gardaşdygyna gaýta-gaýta üns çekilýär:

Görogly, melul bolmagyn,
Melullyk muhannes işidir,
Bedewlere hyzmat etgin,
At ýigidiň ýoldaşydyr.

Döwletlilik nyşany! Örän giň many jähetlerine eýe bolan bu düşünje türkmen durmuşynyň süňňüne ornap gidipdir. Bir mysal. Kimdir biri ýa-da onuň ogul-gyzy barada gürrüň edilende, ol maşgala öz-özüni oňarýan, daş-töweregi tarapyndan sylag-hormata eýe bolsa: «Olar bir döwletli-döwletment adamlardyr» diýlip baha berilýär. Eýsem-de bolsa, nämeler döwletlilik hasaplanýar?!

Ýigidiň bolsa döwleti,
Goşlap gezse bedew aty,
Iliň içinde şöhraty
Hem sowady-haty gerek.

Ruhubelentlik nyşany! Psihologiýa ylmynda motiwler diýen düşünje bar. Oňa dürlüçe düşündirişler berlip, şolaryň iň ygtybarlylarynyň birine laýyklykda, motiw belli bir islegiň kanagatlandyrylmagy bilen bagly, şahsyýeti işjeňligiň ol ýa-da beýleki görnüşine (iş, aragatnaşyk, özüňi alyp baryş) içden meýillendirýän psihiki hadysa hökmünde kesgitlenilýär.

Teblesinde bedew aty baglynyň
Göwni gaýnap-gaýnap joş bolar.

«Görogludan» alnan goşgy setirleriniň sanawyny näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Munuň özi arassa ganly ahalteke bedewlerimiziň — argamak atlarymyzyň türkmen ruhunyň aýrylmaz bölegine öwrülip, milli baýlyk, mukaddes gymmatlyk derejesine ýetirilendigini görkezýär.

Häzirki wagtda şol gymmatlygy — arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke atçylyk we seýisçilik sungatyny ylmy esaslarda öwrenmek, ýaş nesillere geçirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Şunda 2023-2024-nji okuw ýylynda Arkadag şäherinde öz işine başlan we ilkinji talyplaryny kabul eden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna uly orun degişlidir. Şeýle hem bu şäherde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi ýurdumyzda ahalteke atçylyk pudagynyň täzeçil ösüş ýoluna düşendiginiň subutnamasy boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistan döwletimizde atçylyk sportuny ösdürmäge, ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, atçylyk sungaty bilen bagly milli ýörelgeleri giňden wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň alyp barýan işlerini, gazanýan halkara üstünliklerini görkezmek bolar. Täze 2024-nji ýyla ädimme-ädim golaýlaýan günlerimizde bolsa ýurdumyzyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu babatda alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi. Behişdi bedewlerimiz — milli mirasymyz bilen baglanyşykly bu hoş habar «At agynan ýerde toý bolar» diýen halk pähimini ýadyňa salyp, geljek ýylymyzyňam Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly kimin üstünlikleriň, şowlulyklaryň, bagtyýarlygyň ýyly boljakdygyny buşlaýar.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
pedagogika mugallymy.

"Nesil" gazeti, 12.12.2023

Tmpedagog