Çagalaryňyzy pasla görä geýindiriň!
Pasla görä geýinmek hemişe-de zerurdyr welin, aşa sowuk howada, gardyr ýagyşda ýyly egin-eşikleri geýmek hemmeleriň saglygy üçin peýdalydyr. «Çagany nädip dogry geýindirmeli?». Megerem, bu sowal gyş paslynda ata-eneleri has hem gyzyklandyrýan bolsa gerek.
*Halk arasynda aýdylyşy ýaly, gyşda çagaňy özüňden bir gat galyň geýindirmeli.
*Eger-de siziň körpäňiz çagalar bagyna gatnaýan bolsa ýa-da onuň bilen arassa howada gezelenç etmekçi bolsaňyz, mümkin boldugyndan, hereket etmek üçin oňaýly bolan rahat egin-eşikleri geýdiriň!
*Sowuk howada çagaňyzyň bokurdagyna hökman şarf dakmagy unutmaň!
*Çagaňyzyň kellesini ýuwup, daşaryk çykmagyna asla ýol bermäň!
*Gyşda başgap satyn alanyňyzda, çagaňyzyň gulaklary bilen ýapar ýaly görnüşini saýlaň! Ol aşa sowuk howada ýüze çykyp biläýjek gulakburun keselleriniň öňüni almakda ygtybarly goragçydyr.
*Howanyň temperaturasy aşa sowuk bolanda ýa-da garly günlerde çagaňyza ellik geýdirmegi hem unutmaň!
*Gyş paslynda çagaňyzyň aýakgaplaryny hem ünsden düşürmäň! Çagaňyzyň aýakgabynyň topugyny ýapmagyny, aşagynyň galyň we suw geçirmeýän görnüşde bolmagyny gazanyň!
*Körpäňiziň ýüzüne çagalar üçin niýetlenen ýörite kremleri, burnunyň nemli örtügine bolsa oksolin melhemini çalmagy unutmaň!
*Hormatly ata-eneler, gyş paslynda çagalaryňyzy pasla görä geýindirmek we olaryň saglygyny goramak siziň öz eliňizdedir!
"Nesil"
"Nesil" gazeti, 17.01.2023