07.12.2023 Gollanma87 .

Çopan yrymy — çarwa dessury


“Ogluň bolsa koý bakdyr, köp bakdyrma az bakdyr, sada bolar” diýýän gumlular, okuw rugsadynda oglanlara çölde mal bakdyrardylar. O döwür bu wagtky ýaly ýantelefonam bolmansoň, hemramyz kitap, depder, radiody.

“Kyrk ýyl urman-sögmän mal bakan, Hydyr ata duşarmyş” diýýärler welin, Ora çopanyň-a gözüni açyp göreni mal bolansoň, şyhpanylyga ýetýänçä Hydyr ata iki sapar dagy duşan bolmaly.

“Dünýäň täsinligini gerdekdäki gelinden, çertekdäki çopandan sora” diýip, sorap-idänlerimi, gören-eşidenlerimi depdere belläp, Ümür aga aýtmyşlaýyn “Ilden alanymy, ile paýlamak” üçin, halka hödürlemegi makul bildim.

Aradüşme. Guzulamasy, gölelemesi agyr malyň çagasyny dogrumda çekip-tartyp alanyndan soň, agyzlandyrmak-aýaklandyrmak üçin ýanyna barlanda, enesi bilen çagasynyň arasyna girilmeýär. Ara düşseň sowuklyk aralaşyp, mal hamrak bolmaýar. Oguz süýtden doýmadyk malam göýdük bolýar.

Gunt bol, gulp bol. Çagasy bolmaýan, bolsa-da durmaýan mallar guzulanda-owlaklanda çagasynyň gaçan, düşen ýerine entek ölkä teble, demir gazyk kakyp: “Gunt bol, köne derde gulp bol” diýilýär ýa-da daş oklanyp: “Düşen ýeriňe daş düşen ýaly düşüp, çagyl ýaly ýaýrap git” diýilýär.

Tümde tapyşar. Käbir sarç mal guzulanda öz guzusyndan özi ürküp, guzynyň daşyna eşeni çalnyp, bir körpeje bile gabalsa-da çagasyny almaýar. Şonda ony çagasy bilen tüme gabap, bir burça-da ýyrtyjy haywanyň derisi oklanyar. Şonda çagasyny gabanan sarç mal höwrükýär.

Agaş ýa oguz. Mal guzlanda ilkinji sagymlary bişirilip, goňşulara owuz süýdi paýlanýar. Owuz getirilen gabyň içine süýji-köke, kak-sök atylyp: “Höwri köp bolsun!” diýlip dileg edilýär. Soňky sagym süýdüne bürünç atylyp bişirilen tagama agaş ýa owuz diýilýär. Owuz süýt, agaş iýen adamyň gözi mala degmezek bolýar.

Agtyga inji, ýa-da söýünji. Dowaryň üçem-ekiz, sygryň ekiz çagasynyň birini mama-baba agtygyna “inji” diýip belleýär. Agtyk--çowluk ýok bolsa, hoş habar getirene, goşa gawun çekene “söýünji” diýip berýär. Ekize Hydyr görenjeler diýilse-de, ekiz göle çarwalarda känbir halanmayar. Şoň üçinem inji ýa söýünji, halys bolmasa-da, sadaka berilyär.

Odaradan geçirmek. Sürüdäki dowarlar ýygy-ýygy dertläberse, ýa bilmezlikde syçan--alaka, ýylan gaçan guýudan suwa ýakylsa, gurt darasa, iki hatar ot ýakylyp arasyndan, mallar odaradan geçirilýär. Odaradan geçirilen mallar, birhili, ekezlenen ýaly bolaýýar. “Ot — oraz” diýleni-dä.

Gurdy göz etmek. Bir sebäp bilen awlanan gurdy göz edip sürülere aýlamak däbi biz oglankak hem bardy. Gözi daňylgy eşege, kese atylan gurt, iki sürüden soň öläýýärdi. Gurduň maslygynyň göz edilenini gören çopan, gurduň gulagyndan ýa guýrugyndan bölejik kesip alyp, gurdy getirene janly berýär. Kähalatda garnalan gurduň eti şirawy bolmanka — ynjamanka dermanlyk diýlip gowurdak hem edilýär.

Döwünji ýa ýekemen. (Ýekeemen). Itiň birinji güjükleri beden, akyl taýdan gowşak bolýar. Şoň üçin olar düýpgoşa, guýa garawul ýa-da ötegçilere sowgat edilýär. Hakyky alabaý, itiň 2-nji, 3-nji garnyndan güjük aşaky usulda seçilýär:

Güjük çagalary enesi ýalandan soň az wagtlyk otda galdyrylýar. Şonda ene güjük haýsy çagasyny ilki halas etse, şony alyp galyp, galany töwerege paýlanýar. Enesini ýeke özi emen güjügiň göwresi goçak, atan-satan bolýar. Oňa “Ýekemen” diýlip at goýulýar.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 07.12.2023

Tmpedagog