06.12.2023 Gollanma444 .

Mugallym nähili bolmaly?


Mugallymçylyk hünärini ele aljak her bir ynsan bu soragy, ilki bilen, özüne bermelidir. Sebäbi özüniň nähili bolmalydygyny bilmeýän adam ykbalyny özgerdip biljek okuwçyny ýetişdirip bilmez. Näme üçin? Göz öňüňize öz okuwçy döwrüňizi getirip görüň! Hany, aýdyň, biziň haýsy birimiz garşymyzdaky duran mugallyma meňzejek bolmadyk? Ýa-da: «Ulalamda menem mugallym bolaýsadym» diýip göwün ýüwürtmedik? Megerem, biziň çaga arzuwlarymyz ilkinji gezek mekdebe gadam basyp, garşymyzdaky eziz ynsana: «Mugallym» diýip ýüzlenen günümizden başlanan bolsa gerek. Hawa, bu duýgulary birmahallar hemmämizem başdan geçiripdik. Emma onuň ýeňil-ýelpaý iş däldigini welin özüň şol käriň eýesi bolanyňdan soň göz ýetirýän ekeniň.

Mugallym — geljekki täze-täze ykballary döredip biljek dörediji, bir dananyň aýdyşy ýaly, eserinde öz goly bolmadyk ýeke-täk ynsandyr. Okuwçynyň iň ýakyn dosty, ene-atasyndan soň iň köp görýän adamy onuň mugallymydyr. Ol her bir çagany özüniň egsilmez mähri bilen gurşap alýan ynsandyr. Mugallymyň borjy bilen birlikde kämil şahsyýetleriň kemala gelmeginde ata-enäniň hem orny uludyr. Çünki çaga ilkinji ynamy öz maşgalasyndan alýar. Ynam her bir çaga üçin iň möhüm zeruryýetdir.

Hekaýalaryň birinde görmekden doga mahrum bolan bir çagajyk hakynda gürrüň berilýär. Ol bir gün oturyp surat çekýär, emma näme çekenligini özi hem bilmeýär. Bu barada kakasyndan soranda, kakasy oňa iki sany meňzeşje almanyň suratyny çekendigini, olaryň biriniň almanyň hakyky keşbidigini, beýlekisiniň bolsa kölegesidigini aýdýar. Çagajyk özüniň nämedir bir zatlar başaryp biljekdigine, reňkleri duýýandygyna ynanyp, kakasyna suratkeş boljakdygyny aýdanda, kakasy: «Elbetde, sen suratkeş bolarsyň!» diýip, ogluny surat mugallymynyň ýanyna alyp gidýär. Mugallymyň ynamy bilen oglanjygyň yhlasy birleşip, ol belli suratkeş bolup ýetişýär.

Eger şol wagt kakasy oňa garşylyk görkezen bolsa, ol oglanjygyň nähili adam bolup kemala geljekdigi gümanady. Perzent maşgala bilen mugallymyň arasyndaky geljegine umyt bildirilýän köprüdir. Olary kämil ynsan edip ýetişdirmek bolsa biziň hut öz elimizde.

Aýgözel ÖWLÝAKULIÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 05.12.2023

Tmpedagog