30.11.2023 Gollanma80 .

Behişdi bedewler söz sungatynda


Ajaýyp goşgulary bilen türkmeni dünýä tanadan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmeniň ahalteke atlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyr Watany goramakda, il-günüňe hyzmat etmekde hiç bir adamyň çetde durmaly däldigini tekrarlap, hakyky watançy batyr goç ýigit üçin derwaýys şertleri birin-birin sanap geçýär. Şahyr Watan goragyna çykan adamyň öýli-işikli, aty-ýaragy gurat hem-de azyk üpjünçiligi ýerli-ýerinde bolmalydygyny ündeýär. Şeýle hem her bir adam öz kesp-kärini, borçlaryny, görüm-göreldäni dowam etdirer ýaly nesil terbiýeläp ýetişdirmeli. Şahyr «Ýagşy», «Är ýanynda bellidir» atly goşgularynda ýigitleriň durmuşynda zerur bolan esasan üç şert barada aýdýar:

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:
Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

* * *

Bu dünýäniň myrady,
At, zagyfdyr, zürýady.

Türkmen halky ýaş nesli asylly ýörelgeleri gözbaş edip, il-güne rakyply, edermen, lebzihalal, dogruçyl, watansöýer edip terbiýelemegi mukaddes borç hasaplapdyr. Öňki döwürlerde jeň meýdanynda duşmana gaýtawul bermek üçin ýigitleriň esasy ýoldaşy bedew aty hem-de söweş gurallary bolupdyr. Magtymguly Pyragy goç ýigitlere uçar ganatly, ýüwrük bedewiň gerekdigini goşgularynda şeýle beýan edipdir:

At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,
Ýowy gorkudarga, tirik tutarga.

* * *

At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek .

Halkymyzyň atlara bolan mähri, söýgi-sarpasy bimöçberdir. Halkymyz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär. Ahalteke bedewleri milletimiziň buýsanjy, durmuşymyzyň zynatydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi şöhrata besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ahalteke atlaryna goýýan sarpasy çäksizdir. Gahryman Arkadagymyz özüniň çykyşynda: «Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr» diýip, bedewlerimize uly baha berýär.

Türkmeniň ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegidir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletimizde atçylygy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ata Watanymyzy bedew bady bilen ösdürmekdäki tutýan tutumlary rowaç alsyn!

Amansähet ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 29.11.2023

Tmpedagog