27.11.2023 Gollanma62 .

Çaýhalta


Asyl mekany Hytaý bolan çaýlaryň dürli görnüşlerine türkmen halkymyzda aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine çeper elli ene-mamalarymyzdan miras galan, owunjak nagyşlar bilen keşdelenen çaýhaltalary synlanyňda hem anyk göz ýetirýärsiň. Hojalykda ýarym gadak-bir gadak möçberinde çaý sygar ýaly haltalar ulanylypdyr. Mundan başga-da, içjek çaýyňy ýanyňda götermäge oňaýly kiçijik çaýhaltalar hem tikilipdir. Çöl-beýewanda mal bakýan çopanlar, meýdan-haşar işlerine giden daýhanlar ýanlarynda gabarasy ykjam çaýhaltalary göteripdirler. Esasan hem, käbir ýaşuly adamlar çaýy saýlap içýärler. Şonuň üçin öňki döwürler ýaşulular toý-märekä hem ýanlary çaýhaltaly, çaýly barypdyrlar.

Şeýle hem çaýhaltalar çaýy gurak we arassa saklamakda örän ygtybarly bolup, onuň zaýalanmazlygynyň öňüni alypdyr. Çaýhaltalar syk dokalan matadan tikilip, agyzbogy bolar ýaly bagjyk dakylypdyr.

Çaýhalta bilen birlikde, gadymy döwürlerde halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden peýdalanylan ikselik, dutar, gyjak gaplary, elbukjalary, horjunlary, duztorbalary synlanyňda, ene-mamalarymyzyň zerur önümlerini yrýa etmändiklerine, gural-esbaplaryna eýe gözi bilen garandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Altyn GAÝLYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
25-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 23.11.2023

Tmpedagog