27.11.2023 Gollanma181 .

Nusgawy şahyryň döredijiliginde metaforalaryň ulanylyşy


Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi biziň üçin gymmatly hazynadyr. Şol gymmatlygy geljekki nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi asman ýaly giň, umman ýaly çuňdur, özboluşlydyr, köptaraplydyr. Onuň öwüt-nesihat, watançylyk, gahrymançylyk temadaky goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Dili babatda halka ýakyn, düşnükli bolmagy, dürli şygyr düzülişiniň görnüşleriniň, çeperçilik serişdeleriniň ulanylmagy şahyryň ussatlygynyň nyşanydyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde diliň çeperçilik serişdelerine uly orun berlipdir. Ol özüniň köptaraply döredijiliginde meňzetme, deňeşdirme, ulaltma, kiçeltme, janlandyrma, sinonimler, antonimler, omonimler, köpmanylylyk, göçme manylylyk ýaly diliň dürli çeperçilik serişdelerini ussatlyk bilen ulanypdyr. Mundan başga-da nakyllary, atalar sözüni giňden peýdalanypdyr. Bu bolsa onuň şygyrlarynyň çeperçilik taýdan has kämil, halka ýakyn bolmagyna ýardam edipdir. Ussat şahyryň çuňňur manyly setirleri nakyl görnüşinde halkymyzyň aňyna ornady.

Şahyryň goşgularynda ýerlikli ulanan çeperçilik serişdeleriniň biri-de metaforadyr. Akyldar şahyrymyz öz pikirini metafora arkaly obrazly aňlatmagyň ajaýyp nusgasyny goýup gidipdir.

Metafora meňzetmä ýakyndyr. Ýöne metaforada göçme manylylyk, obrazlylyk ýönekeý meňzetmedäkiden güýçli bolýar. Şonuň üçin metafora meňzetmäniň has kämilleşen, gysgaldylan görnüşidir. Meňzetmede «ýaly, bilen, dek, mysaly, misli, kimin» kömekçi sözler gatnaşsa, metaforada bu kömekçiler ulanylmaýar. Metaforada sözleriň manysy hem giňeýär. Metaforiki häsiýete eýe bolan käbir sözler juda köp manyny aňladýarlar. Magtymguly Pyragynyň «Gidiji bolma» şygryndaky:

Aňlamaý söýleme: «Tamda gulak bar», Iç syryň kişige aýdyjy bolma —

diýen setirlerinde «gulak» sözi metaforiki häsiýete eýe bolup, göçme manyda gelýär.

Şahyryň «Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum indi» diýen setirinde yşk oda, ataşa, özi bolsa şol oduň daşynda aýlanyp, aýrylyp bilmän ýören perwana, kebelege meňzedilýär.

Gündogar edebiýatynda aşyk-magşuklaryň gül bilen bilbile meňzedilýän metaforalary köp duş gelýär. Muny Magtymgulynyň döredijiliginde hem görmek bolýar. Şahyryň:

Her saçlary bir sünbül,
Göýä ki menem bilbil,
Eý, jennet era bir gül,
Ryzwana gözüm düşdi —

ýaly setirlerini mysal getirmek bolar.

Her kim öz ýaryny dogan Aý edip, Aýyn gözlär, özge Aýa seretmez...

Bu mysalda aşygyň magşugy, söwer ýary Aýa meňzedilýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan ýokarda getirilen mysallardan başga-da kän metaforalary tapmak bolýar. Onuň döredijilik dünýäsi çeper dili taýdan, many goýazylygy babatda, terbiýeleýjilik ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak gymmata eýedir.

Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda uly orun aldy. Söz ussatlarymyza uly sarpa goýýan, halkymyzy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Oguljemal ATDAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
132-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.11.2023

Tmpedagog