16.11.2023 Gollanma289 .

Mugallymçylyga belent sarpa


Beýik ösüşlere beslenen mähriban Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy uly üstünliklere eýe bolýar. Umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bizi diýseň begendirýär, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Her bir ulgamda zähmet çekmek, ol ulgamyň işiniň ussady bolmak buýsançly bolşy ýaly, mugallymçylyk hünäriniň ussady bolmak guwançlydyr. Hawa, mugallym bolmak oňa bolan söýgüden başlanýar bu hünär parasatlylygy, asyllylygy, hemişe sagdyn pikirlenip bilmegi, her bir zatdan degerli we adalatly netije çykaryp bilmegi talap edýän mukaddes kärdir. Mugallymçylyk käriniň ussady bolmak hut şulary talap edýänligi üçin belent sarpa eýedir.

«Salam, mugallym!». Bu — uly-kiçiligine, ýaş tapawudyna parh goýulman, mugallyma duşulanda, oňa garap, ilkinji ýüzlenilýän jümle. Bu jümle bary-ýogy iki sözden ybarat. Ýöne bu iki sözüň aňyrsynda çuňňur hormat, buýsanç, sarpa bar. «Mugallym» diýen mukaddes ada eýe bolan her bir ynsan üçin bu jümläni eşitmek örän buýsançlydyr.

Gadymy edebiýatlarda ylym atasy adyny alan mugallymlara sarpa örän uly bolupdyr. «Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde iň hormatly kär mugallymçylykdyr» diýlip, ýokary baha berlipdir. Bilşimiz ýaly, geçmişden bäri uly hormata mynasyp bolan mugallymçylyk käri ähli döwürlerde belent sarpa mynasypdyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň çekýän zähmetine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz: «Mugallymçylyk adamzat durmuşynyň irki döwürlerinden bäri iň abraýly, hormatly kärleriň biridir. Bilim berýän adam aýratyn hormat-sylaga mynasypdyr» diýýär. Bu parasatly sözler, her bir mugallymy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň sagdynlygy we ruhubelentligi, döwrebap, kämil düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagalla edýär. Çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň hili mugallymyň çekýän zähmeti bilen berk baglanyşyklydyr. Çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi mugallymlaryň zähmetini ýeňilleşdirýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki halypalar diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr» diýip belleýär.

Bu parasatly sözler her bir mugallym, terbiýeçi, her bir bilim işgäri üçin ruhlandyryjy güýç bolup, öz işiň ussady bolmaga söýgi döredýär.

Mugallym hemişe döredijilikli gözlegde bolup, guraýan sapaklarynyň täsirliligini artdyrmaly. Okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olaryň edep-terbiýesiniň talabalaýyk bolmagy ugrunda aladalanmak bilen, okuwçylary asylly maksatlara gönükdirmäge usully çemeleşmeli. Bu işleri amala aşyrmakda mugallym döwrebap tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmaly. Häzirki wagtda iň kämil tehnologiýalaryň sapakda ulanylmagy döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Şonuň ýaly-da, döwrebap mümkinçilikler mugallymlary has-da döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.

Gülşat DURDYÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.11.2023

Tmpedagog