13.11.2023 Gollanma152 .

Gadymy Köneürgenç — mukaddes toprak


Häzirki Köneürgenç şäheri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň adybir etrabynyň merkezi bolmak bilen, Daşoguz şäherinden 120 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi müňýyllyklaryň şaýady bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini dünýäniň taryhçylary we alymlary tarapyndan has içgin öwrenmäge we syýahatçylyga uly mümkinçilikleri açdy.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde taryh derslerinden sapaklar guralanda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri okuwçylara öwredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikler baradaky maglumatlary öwrenýärler. Olaryň öz Watanyna bolan buýsanjy artýar hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik bolýar.

Köneürgenç Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orta asyr ugurlarynyň birinde ýerleşipdir, XIV asyryň ortalary onuň pajarlap ösen wagty bolupdyr. Ol Türkmenistanyň goragly giň zolakda ýerleşýän we XI-XVI asyrlara degişli gowy saklanyp galan köp sanly ýadygärligi öz içine alýan gadymy arheologik ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärliklere gözelligi we aslynyň gadymylygy bilen haýran galdyrýan metjitler, kerwensaraý derwezeleri, galalar, aramgähler we minaralar girýär.

Bu şäher hakynda ilkinji ýazmaça ýatlamalar X asyrda beýan edilýär. Şäher esasy söwda we senetçilik merkezi bolupdyr. Geçýän sapaklarymyzda bu taryhy maglumatlar hakynda okuwçylara düşündirýäris.

Köneürgençde ussat gurluşykçylaryň örän meşhur mekdebi bolupdyr. Olaryň bilimdir başarnyklary bütin dünýä ýaýramak bilen, adaty gurluşyk usullary we ýerine ýetiriş täri şu güne çenli saklanyp galypdyr. Mysal üçin, Köneürgençde ulanylan küreler henizem taryhy binagärlik ýadygärlikleriniň durkuny täzelemek üçin tutuş sebitde kerpiç bişirmek üçin ulanylýar.

Köneürgenjiň ýadygärlikleri Merkezi Aziýanyň yslam binagärliginde jaýlary bezemek üçin ulanylan ajaýyp usullaryň köplügini görmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde çig we bişen kerpiçden gurlan desgalar, bir otagly, gümmezli binalar we kompozisiýa taýdan ýerine ýetirilişi boýunça adatdan daşary çylşyrymly, seýrek şekilli gümmezli binalar bar.

Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde şöhratly taryhymyza buýsanç döretmek, geçmişden galan mirasymyz hakynda düşündirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem şöhratly taryhymyza we milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýan ajaýyp döwrümizde bu ugurdan möhüm işleri durmuşa geçirýäris. Esasan hem taryh sapagynda geçmişimizi ylmy esasda öwrenmegiň ähmiýeti barada gürrüň berýäris. Şunda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaý galalarynyň we beýleki taryhy şäherlerimiziň surat şekillerini multimedia tagtasynda görkezýäris. Bu bolsa okuwçylaryň taryha oňat düşünmeklerine, sapagyň gyzykly guralmagyna oňat täsir edýär.

Türkmen halkynyň taryhy örän baý we şöhratlydyr. Şonuň üçin hem bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenip, ýaş nesillerimize ýetirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýaşlaryň watansöýüji, il-güne wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerine oňat ýardam eder. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Akjagül ATAÝEWA,
Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň
ýokary derejeli taryh mugallymy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.11.2023

Tmpedagog