10.11.2023 Gollanma92 .

Sungata siňen alabaý


Halkymyzyň arasynda türkmen alabaý itleri bilen baglanyşykly täsin ynançlar we däp-dessurlar köp duş gelýär. Meselem, biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar.

Şeýle-de bir tymsal halk arasynda meşhurdyr. It diýermiş: «Hojaýynymyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany, etin iýip, maňa oklar olar her gün omaçany».

Türkmen haly we dokma sungatynda duş gelýän gadymy nagyşlaryň biriniň «It ýatak» nagşydygy hem mälim boldy. Alymlarymyz bu täsin nagşyň iň gadymy nusgasynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Pessejikdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan ybadat otagynyň diwaryna çekilen suratda duş gelýändigini anykladylar.

Pessejikdepe arheologik ýadygärligi Jeýtun medeniýetine, biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişlidir. Pessejikdepe dünýäniň sungaty öwreniş ylmynda diwaryň ýüzüne çekilen iň gadymy awçylyk pursadyny beýan edýän nakgaş eseri bilen meşhurdyr. Hut şeýle mazmunly diwara çekilen surat eseri Türkiýäniň Çatalhöýük ýadygärliginde hem duş gelýär eken. Ýöne Pessejikdepedäki surat eseri has gadymydyr hem-de köp reňk öwüşginliligi bilen haýran galdyryjydyr. Halymyza çitilýän «Güjük yzy» nagşy ylmy taýdan öwrenilip, ol baradaky maglumatlar ylmy dolanyşyga girizildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň çägi örän giň.

Jumagül BAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 09.11.2023

Tmpedagog