17.01.2023 Gollanma55 .

Hoýbaly hekaýat


Etrabyň Çekişler obasyndaky 5-nji orta mekdepde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Etrabyň bilim ulgamyna degişli sergi, dersler bilen bagly tejribe alyşmak üçin «açyk sapaklar» guraldy. Oňa gatnaşmak üçin barýarkak, uly ýoldan sowlanymyzda, obanyň gyrak-bujagynda hoýbanyň ösüp oturanyny gördüm. Bilesigelijiligim ýenede böwrümi byjyklap ugrady. Ýöne, näme üçindir, bu hakynda delilli maglumatlar bol däl. Ol barada okuw kitaplarynda-da agzalmaýar. Nämäniň gürrüňini edýändigimize gapdaldan gulak gerenleriň biri:
  — Noýba hakda men bilýän — diýdi:
  — Iýilýän noýba dälmi?
  — Aý, how, noýba däl, hoýba!
 Köne tanşym, öňki medeniýet işgäri, häzir Çekişlerde, öz okan mekdebinde mugallym bolup işläp ýören Arazgeldi Gurbanýazow adamlary daşyma üýşürip, nämäniň gürrüňini edýänligimiz bilen gyzyklanyp, ýanymyza geldi. Hoýbaly gürrüňi eşidip, ol barada bilýänlerini aýtdy.
  — Düýe-hä şony gowy iýýär. Sygyr-da iýýär diýýärler.
  — Miwesi bişen mahallary goýunda iýýär.
  — Miwesini-hä çagakak bizem iýýärdik. Turşumtyk tagamjygy bar — diýip, gürrüňleşip duranlarymyzdan biri — Ekerem şäherçesindäki 6-njy orta mekdebiň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Baba Taganow aýtdy.
  — Gyrymsy agaç bolanlygy üçin guran mahaly odun hökmünde-de ulanylýar — diýip, Ajyýap obasyndaky 2-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Begjan Begjanow hem öz bilýänlerini aýdyp ugrady:
  — Gyşyna mala taşa, agyl etseň, örän ýyly bolýar. Gür bitýänliginden bolmagy ahmal.
Arazgeldi Gurbanýazow hem käbir maglumatlary goşdy:
  — Üns etseň, özi-de iki görnüşlidir. Birini-hä ýöne «hoýba» diýip atlandyrýarlar. Birine-de «garaja hoýba» diýýärler. Näme üçinligin-ä bilemok.
 Oba gelenimden soň bu jelegaýlarda Balgara ady bilen tanalýan Amandurdy Toýlyýew bilen ýörite duşuşdym. Segsen iki ýaşyndaky bu ýaşuly tebipçilik edip, sähel-mähel syrkaw-sökeli ot-çöp bilenem bejerip ýör.   — Bir gezek ýüregim bildirjek boldy. Birhili ýakymsyzlyk tapyndy. Şonda hoýbanyň miwesini bir çüýşä ýygnap, on iki gün içdim. Aýyrdy şony. El bilen syrylan ýaly edäýdi. Miwesi dänelidir. Özi-de dänegerçegiňkiden has tagamlydyr. Dänegerçegiň dänesem ýüregagyra has peýdaly, kän synap gördüm. Ýaşuly adamlaryň käbiri açlyk döwürlerinde hoýbanyň miwesiniň gaýnadylyp iýlendigini-de aýdýar.
  Balgara dädäniň gürrüňlerinden soňra, meni dänegerçegem gyzyklandyrdy. Ol ýaz gögerip, däneländen soň, dänesini agzyňa atyp, çeýnäp iýip ýörmeli. Ýüregagyrynyň bire-bir emi. Sil suwlarynyň akýan ýerlerinde bitegen eken. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde-de» bu ösümlik barada aýdylýar.
  Ýurdumyzda hoýba, dänegerçek ýaly ösümlikleri ylmy nukdaýnazardan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bu ugurda her birimiz üçin gymmatly çeşme bolup durýar.

Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki
10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmenistan" gazeti, 05.01.2023

Tmpedagog