28.10.2023 Gollanma209 .

KOMPOZITORY ÝATLAP


Türkmeniň milli aýdym-saz sungaty halkymyzyň asyrlar boýy aýrylmaz hemrasy bolup geldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda, ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan pähim-paýhasly, il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge, öwrenmäge, döretmäge ruhlandyryp has-da öňe sary alyp barýar. Buýsançly döwrümiziň bedew batly ösüş-özgerişleri aýdym-sazlarymyzda belentden wasp edilýär.

Gahryman Arkadagymyz “Ile döwlet geler bolsa....” atly jöwher paýhasyndan dörän kitabynda “Geçen ýüzýyllyklar bize görnükli bagşydyr sazandalary we ajaýyp türkmen kompozitorlaryny sowgat etdi. Özleriniň döreden eserleri, ýagny halk aýdym-sazlary, operalary, simfoniýalary we oratoriýalary bilen olar umumyhalk söýgüsini gazandylar” diýip belläp geçýär. Ýagşysyny ýaýmak halkymyzyň arzyly däbi. Şeýle bolansoň aýdym-saz sungatymyza merdana halkymyz hemişe aýratyn üns berýär, hormat goýýar. Türkmen aýdym-saz sungatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan birnäçe meşhur kompozitorlarymyz bar. Şolaryň biri hem milli aýdym-saz sungatymyzy köpöwüşginli döredijiligi bilen baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşan halypa kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowdyr.

27-28-nji oktýabrynda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal geçirildi. Bu festiwalda saz sungatymyzyň ägirdi bolan Nury Halmämmedowyň döreden eserleri, kompozitora bagyşlanan eserler, sergiler, kinofilmler ýurdumyzyň ähli künjeginde belentden-belent wasp edildip, uly dabaralar bilen bellenilip geçildi. Şeýle dabaralaryň biri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döredijilik toparynyň kompozitoryň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli taýýarlan konserti Gahryman Arkadagymyzyň mähri siňen Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda belentden ýaňlandy.

Konsert Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Mukamyň syry” kinofilminden “Gyzlaryň hory” eseriniň halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde şeýle-de mekdebimiziň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde başlandy. Dabara kompozitoryň “Iki agaç”, “Toý kerweni”, “Tüýdük”, meşhur eserlerinden düzülen ,,Saz çemeni”, “Prelýudiýa”, “Ýaz ertiri”, “Şükür bagşy” kinofiliminden “Şüküriň galoby”, “Mukamyň syry” kinofilminden “Karkaranyň aýdymy”, “Keçpelek” “Duran ýerleri”, “Hüwdi fantaziýa”, “Elegiki prelýudiýa we fuga”, “Uçuň durnalar”, “Türkmen sährasy”, “Aşgabat”, “Artygyň aýdymy” ýaly eserlerini mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplarynyň, kamera ansamblynyň, hor, akkardeonçylar, kanunçylar, gitaraçylar toparlarynyň, üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde dowam etdi. Mundan başga-da dabaramyzda Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy”, “Haýrana galar” eserlerini Arkadag şäher Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby, şeýle-de mekdebiň birleşen ansambl toparynyň çykyş etmegi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Konsert H. Amangeldiýewiň “Bagtyýar ýaşlar” aýdymynyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Nury Halmämmedow uzak ýyllaryň dowamynda döreden ajaýyp saz eserleri bilen türkmen saz sungatyna, şeýle-de daşary ýurtlarda-da öz mynasyp goşandyny goşan, saz söýüjileriň gyzgyn söýgüsini gazanan kompozitordyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün türkmen kompozitorlaryna goýulýan uly hormatyň netijesi hökmünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde halypa kompozitorlarymyza bagyşlanylyp konsertler yzygiderli geçirilýär. Şahsyýetlerimizi, aýdym-saz sungatymyzda ýitmejek yz galdyran kompozitorlarymyzy, halypa bagşy-sazandalarymyzy ýatlamaga, hormatlamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys.

Aýtäç MEDEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar Baýragynyň eýesi



Tmpedagog