26.10.2023 Gollanma137 .

Bir ak bilen bir gara, işseň bolar alaja


Alaja — türkmen halkynyň durmuşynda köp ýerlerde peýdalanylypdyr. Alaja gadymdan bäri el hünärleriniň ähli görnüşleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, gözellik döredip gelen sungatdyr. Zenanlarymyzyň döreden alajasynda gudratly ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi gözüň agy-garasyna, gijäniň tümlügine, gündiziň ýagtylygyna çalym edýär. Türkmen zenany alajany gözden-dilden goraýan gudratly güýç hasaplaýar. Şonuň üçin ony çagajyklaryň boýnuna, goşaryna, sallançaga, saçaga, täzeje ulaga, täze gelen gelne, öýe dakypdyrlar.

Alajany, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Häzirki döwürde alaja dürli reňkli ýüplükleri goşup, täzeçe öwüşgin berilýär. Şeýdip, gelin-gyzlarymyz bu gadymy we müdimi senetçiligimizi ýaş nesillerimize geçirýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň enesi, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan, aýratyn yhlas bilen tiken nepis kürtesiniň, ören alajasynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iň görnükli ýerinde goýulmagy ýaş nesillerimizde milli mirasymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgini we buýsanjy döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Saparbibi ÝAZBERDIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 26.10.2023

Tmpedagog