23.10.2023 Gollanma102 .

Köňül kelamy


Kitap — dünýäniň iň gymmatly ruhy hazynasy. Halkyýetleriň, milletleriň ruhy aň-düşünjesiniň, akyl-paýhasynyň görkezijisi. Heňňamyň ýaňlaryndan mälim bolşy ýaly, adamzat jemgyýetçiliginiň ünsüni, oý-pikirini özünde jemleýän kitaplary Hakdan halatly, ylhamdan ganatly asylzada ynsanlar döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş eden «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby hem paýhas hazynasydyr.

Türkmen halkymyzda çeper eserlere, ylmy-jemgyýetçilik kitaplara bolan çuňňur söýgi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby hem kitapsöýüji bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserdir.

Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap her bir setiri çuňňur many-mazmuna beslenen eserdir. Gahryman

Arkadagymyzyň durmuş ýolundaky baý tejribesini, durmuş pursatlaryny özünde jemleýän bu kitaby okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň juda baýdygyna, edep-ekramynyň ata-baba dowam edip gelýän kadalaryna çuňňur sarpa goýmak bilen ýaşalýandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Bu ajaýyp kitabyň üsti bilen

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlary, mukaddes ýörelgeleri jikme-jik beýan edýär.

Bu ajaýyp kitabyň ilkinji sahaplaryny okap başlanyňdan «Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin» diýen jümlelerde gözüň eglenýär. Gahryman Arkadagymyz durmuş tejribesini okyjylar bilen paýlaşyp, olara ahlak ýörelgeleri, durmuşda özüň bolup ýaşamagyň inçe ýollary barada hem parasatly maslahatlaryny berýär. Sebäbi her bir okyjy bu kitaby okamak bilen durşy bilen pelsepä ýugrulan maslahatlary alyp bilýär.

Golaýyňda ataň-eneň ýaly — beýik ynsanlar ýaly göreldelik nusgaň bolanda, durmuşda ynamly gadam urmaga-da giň mümkinçilikler açylýar. Ata-enelerimiziň pent-sargytlaryndan başlap, ümdür äheňleriniň hem, eden ýagşy işlerinden başlap, owunjak edim-gylymlarynyň hem bihaly ýok. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda-da bu mukaddeslikler baradaky setirler her bir okyjynyň gözüni egläp, ünsüni çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň durşy bilen ahlak gymmatlyklaryna, maşgala mukaddesligine, asylly däp-dessurlarymyzdyr ýörelgelerimize ýugrulan bu ajaýyp eseri ähli halkymyz üçin görelde mekdebi, ylham çeşmesidir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gurbangül Nyýazowa,
Aşgabat şäherindäki 145-nji orta mekdebiň müdiri.



www.turkmenmetbugat.gov.tm
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.10.2023

Tmpedagog