21.10.2023 Gollanma76 .

Abadan ertiriň jogapkärçiligi


Asyrlarboýy “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýen pähime eýeren türkmen halky nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Dana pederlerimiz perzentlerini çagalykdan watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň gaýduwsyz, zähmetsöýer belent adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ykjam aladalanypdyrlar. Sebäbi, bu tagallanyň aňyrsynda ertirki günüň bähbitli aladasynyň ýatýandygyna gowy düşünipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakyndaky aladalarynda ýokardaky ýörelgeden ugur alynýandygy guwandyrýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işiň jogapkärçiligem, ilkinji nobatda, bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Sebäbi, geljegimiziň abadan bolmagy biz, mugallymlaryň çekýän zähmetimiziň netijesine baglydyr. Şeýle jogapkärli wezipeden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara bilim-terbiýe bermekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Nesil terbiýesinde başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna ýeňil bolmadyk çylşyrymly wezipe düşýär. Sebäbi, çaganyň başlangyç synplarynda alan bilim-terbiýesi onuň geljeginiň özenini düzýär. Şonuň üçinem men çagalar bilen geçýän sapaklarymyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyny gazanmaga çalyşýaryn. Sapak wagtynda okuwçylaryň ünsüni özüňe jemlemegi başarmak sapagyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem sapaga okuwçylaryň hemmesiniň işjeň gatnaşmagyny gazanmagam örän bähbitli bolýar. Okuw-görkezme esbaplaryny zerur ýerinde netijeli ulanmagam sapagyň öňünde durýan maksadyna ýetmäge mümkinçilik berýär. Mugallymyň işiniň netijeliligem onuň ukyp-başarnygyna, hünärine yhlasyna bagly.

Güljan NURMYRADOWA.
Wekilbazar etrabyndaky
21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 19.10.2023

Tmpedagog