18.10.2023 Gollanma1878 .

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Magtymguly Pyragynyň baý hem-de gymmatly edebi mirasy biziň her birimiziň ruhy hazynamyzdyr. Bu ajaýyp eserler, nusgawy goşgular häzirki ajaýyp döwrümizde ylmy esasda öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň milli hem-de umumadamzat ynsanperwerligine ýugrulan ruhy dünýäsi bardyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligi dünýä dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Akyldar şahyr döredijiliginde dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdürýär, çeperçilik aňyny nurlandyrýar, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendirýär. Bu edebi gymmatlyklary öwrenmekde, geljek nesillere ýetirmekde, dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyryldy. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, akyldar şahyryň edebi mirasynyň gymmatyny has-da artdyrdy. Bu günki günde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Munuň özi akyldar şahyrymyza belent sarpanyň ajaýyp nusgasydyr.

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar.

Ynsan gözelligiň gözleginde. Gözelligi bolsa, görmek, duýmak gerek. Ol ruhy dünýäsini tebigatyň gözellikleri, sungat eserleri bilen baýlaşdyryp durýar. Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütin dünýä ady dolan, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol gözelligiň merjenidir. Bu nusgawy şahyrymyzyň eserleri ynsanlaryň ýüreginiň töründe orun eýeleýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen nakyllaryň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr. Şonuň üçin akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüreklerde baky mukaddeslik derejesindedir. Ýürekden çykýan sözlerini köňül nagşy edip, «taraşlap, şagladan» şahyryň döredijilik älemi bahar aýlarynda gül-pürçüge beslenýän türkmen sährasyny ýadyňa salýar. Häzirki wagtda tutuş adamzat beýik şahyryň döredijiligine uly hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

Beýik akyldaryň nusgawy goşgularyndaky pelsepewi pikirler gymmatlydyr. Onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, nesillerde geljege bolan ymtylyşy, ylym-bilime söýgini döretmekde, olara watansöýüjilik ruhunda edep-terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwlet barada arzuw eden beýik şahyryň röwşen umyt-ideýalarynyň durmuşa geçendigini wagt subut etdi.

Beýik şahyryň birek-birege hormat goýmak, rehimdarlyk, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde görelde mekdebidir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine guwanmak, oňa goşant goşmak biz üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Dilaram IŞANKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.10.2023


Köňülleriň ruhy çyragy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýurtlary bilen medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy milli mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine ýol açýar. Esasan-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek 300 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülýän günlerde beýik akyldaryň baý edebi mirasy çuňňur öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly ajaýyp eserleri Magtymgulynyň edebi mirasyny, çeper döredijiligini öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymgula çäksiz hormat goýýar. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen halkynyň synmajak sütünine öwrüldi».

Täze taryhy eýýamda nusgawy şahyryň mertebesi has-da belende göterilýär. Gündogaryň beýik akyldaryny dünýä ýüzi tanaýar. Şahyryň döredijiligi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredip, eserleriniň aglabasy doganlyk halklaryň dillerine terjime edilýär. Beýik söz ussadynyň golýazmalarynyň uly toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen akyldar şahyryň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty öňküden-de artar, çuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynyň örüsi has-da giňäp, dünýä dillerinde aýdym bolup ýaňlanar.

Magtymguly Pyragy çeper sözden çemen bogup bütin adamzadyň kalbyna ýol açmagy başaran beýik ussatdyr. Dana akyldar terbiýeçilik ähmiýetli pelsepewi şygyrlarynda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň azat, erkana durmuşda ýaşamagyny arzuwlapdyr. Belent ynsanperwer garaýyşlary bilen dünýä ýüzüni ýagşylyga, gowy niýet-pällere, agzybirlige, abadan ýaşaýşa çagyrypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy dana atamyzyň mertebesini ýene bir gezek arşa galdyrdy. Milli Liderimiziň goşgy setirlerinde aýdyşy ýaly, Magtymguly atamyzyň «Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr». Ol ýollarda dörän eserler ýene-de öwreniler, ýene-de okalar, dünýä ýüzüne ýaýylar. Biz mähriban Arkadagymyzyň:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýakymly pikirine-küýüne

—diýen ýürek owazyna goşulyp, köňüllerimiziň ruhy çyragy bolan Magtymguly atamyzyň adyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Şemşat HANDURDYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 18.10.2023


Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynda hem edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär.

Türkmen halkynyň söz ussadyna sarpasynyň belentdigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabyndaky: «Beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny öňe sürdi» diýen ganatly sözlerinden hem göz ýetirmek bolýar.

Türkmen halky öz durmuş ýolunda elmydama öwüt-nesihatyň, wesýetiň we sargytlaryň ornuny aýratyn hasaplaýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, gahrymançylyk we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlary — türkmen halkynyň milli mirasy hasaplanýar.

Magtymguly Pyragy türkmen diliniň ösmeginde uly orun eýeleýär. Onuň çeper diliniň dünýäsi türkmen edebiýatyny gurşap alýar. Bu barada nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminä ýüzlenip: «Ýeri, şahyr, bu günler şygyr düzýäňmi?» diýip soralanda, ol: «Wah, näsini aýdýaň, Magtymguly atamyz şygyr meýdanynyň oragyny orup gidipdir. Bize diňe hoşasyny çöpläýmek galýar» diýip, jogap beripdir.

Kerim Gurbannepesow özüniň «Daglar» atly goşgusynda: «Magtymgulyň şygry ýaly, kökün ýere uran daglar» diýip, onuň nähili ägirtdigini wasp edýär.

Ýüreklere ýürek sözün dolduran,
Dür söz bilen dünýä özün aldyran.
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz,
Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.

Bu setirler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gara Seýitliýewe degişli: ol hem öz setirlerinde beýik akyldarymyzyň halkyň kalbynda ebedilik ýaşaýandygyny belläp geçýär.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary mukaddes Watany, il-güni söýmegiň beýik nusgasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagynda şol şygyrlaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Goý, şeýle şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gunçagül GULLYROWA,
Tejen etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy.



"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.10.2023

Tmpedagog