18.10.2023 Gollanma83 .

Halkymyzyň wepaly hemrasy


Ösüşlere beslenen täze taryhy döwrümizde alabaý itlerine aýratyn sarpa goýulmagy hem-de olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi ählimizi guwandyrýar. Çünki türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy, dogumlylygy bilen tapawutlanýan milli buýsanjymyzdyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan bellenilmegi hem ýönelige däldir. Bu baýram türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde 29-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigini hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bilen bagly degişli resminama gol çekmegi ulus-ilimizde şatlyk duýgusyny döretdi. Toý günlerinde şeýle özboluşly bäsleşikleriň geçirilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.

Biz — bilim işgärleri ýaş nesilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, şol sanda alabaý itlerine hormat goýmagy öwretmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby bu babatda biz üçin bahasyz gollanma bolup hyzmat edýär. «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş», «Çagalyk dosty — wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi», «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» diýen bölümleri öz içine alýan bu gymmatly kitapda alabaýyň halkymyzyň ykbalynda, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda hem-de çeper döredijilikde eýeleýän orny barada gyzykly we täsirli maglumatlaryň getirilmegi ählimizde uly täsirleri döredýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň wepaly hemrasyna we buýsanjyna öwrülen alabaýlarymyza bimöçber sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Kakamyrat MEREDOW,
Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 18.10.2023

Tmpedagog