13.10.2023 Gollanma237 .

Alaja milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr


Zenanlarymyz el hünäriniň inçe hem-de nepis görnüşleri bolan alaja örmekde, jähek çalmakda, aldymgaç kakmakda örän başarjaňlygy bilen tanalýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejemiziň dokan alajasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagy ene-mamalarymyzyň döreden senedine bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Ene-mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürlüçe oturdypdyrlar. Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.

Alajalar diňe bir egin-eşiklere berkidilmän, eýsem, bala-çagalaryň boýnuna, goşaryna hem dakylýar. Sallançakbag, gundagbag üçin alaja örüpdirler.

Elbetde, ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alaja ýüpi işmek üçin, ilki bilen, ak we gara sapagy 3-4 gezek gatlamaly. Olaryň birmeňzeş reňkli her gatyna aýry-aýrylykda tow bermeli. Şondan soň tow berlen ak we gara sapaklary birleşdirip saklap, öňki berlen towuň garşysyna tarap işmeli. Sapaga tow berilýän wagty ony çekibräk saklasaň, alaja endigan düşýär. Towy gowy ýetirilen ýüpüň berk hem owadan bolýandygy barada könelerimiz halk arasynda «Sapagy tow saklar» diýen aýtgyny-da galdyrypdyrlar. Olar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem, olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orny eýeleýän alaja dokamak sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr.

Bazargül EMINOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 12.10.2023

Tmpedagog