05.10.2023 Gollanma239 .

Hünär öwrenmek —mertebe


«Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýen pähimi döreden ata-babalarymyz perzentlerine kär-hünär öwretmegi parz bilipdirler. Aslynda, halkymyzda ýaşlara hünär öwretmek, belli bir käriň başyny tutmakda goldaw bermek ýörelgesi nesil terbiýesiniň esasy ugurlarynyň biridir.

Kär-hünär öwrenmek bilen, ýaşlaryň özlerine bolan ynamy berkeýär, geljeginiň binýady goýulýar. Hünär ýaşlary durmuşa taýýarlaýar. Kesbiňden kemal tapmak ynsan mertebesiniň bir basgançagydyr. «Hünärli oglan hor bolmaz», «El hünäri il gezer» ýaly pähimler hem muny doly tassyklaýar.

Halk hakydasyna ornan ertekilerdir rowaýatlarda hünär öwrenmegiň, belli bir käriň eýesi bolmagyň ähmiýeti hakynda täsirli wakalaryň üsti bilen gürrüň edilýär. Türkmen halk ertekileriniň birinde beýan edilişi ýaly, tüçjar baý täjiriň lälik ogly bir pukara ýonaçynyň gyzyna aşyk bolýar. Täjir sawçylyga gelende ýonaçy:

— Ogluň eli hünärlimi? — diýip soraýar.

— Oňa hünär nämä gerek?! Meniň ýygnan mal-döwletim onuň ýedi arkasyna ýetjek. Sen hiç zady alada etme, gardaş!

Täjiriň bu howaýy sözlerine goja ýonaçynyň ýüzi çytylýar:

— Bagyşlaň, hormatly täjir! Emma men elinden hiç zat gelmeýän, hünärsiz ýigide gyzymyň ykbalyny ynanyp bilmerin — diýip jogap berýär.

Bu habary eşiden täjiriň ogly ýonaçynyň özüne şägirt durýar. Ençeme ýyllardan soň, idegli ýonaçy bolup ýetişen ýigit öz söwer ýaryna gowuşýar. Başyna külpet inip, alamançylaryň eline ýesir düşende hem hünärli eliniň arkasyndan öz dogduk iline, mähribanlarynyň arasyna gowuşýar. Bu ertekide el hünäriniň ynsany maksat-myradyna ýetirýändigi, oňa durmuşda öz ornuny tapmaga ýardam berýändigi hakyndaky pikir ýaňzydylýar.

Çagalarda kär-hünäre bolan söýgi, höwes maşgalada kemala getirilse-de, onuň bu ugurda kämilleşmegi üçin halypanyň maslahatlary, öwüt-ündewleri has zerurdyr. Halkymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň özboluşly kada-kanunlary bar. Ýazylmadyk kada laýyklykda, şägirt halypasyny öz pederi bilen deň görýär, halypa hem şägirdini öz perzendinden kem görmeýär. Halypa öz şägirdine diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenmän, durmuşyň dürli halatlarynda onuň adamkärçiligini, edep-terbiýesini, märekede oturyp-turşuny synagdan geçiripdir. Sebäbi halypalar şägirtleriniň diňe bir el hünärine eýe bolmagyny däl, eýsem, ilkinji nobatda, iliň adamy bolmagyny isläpdirler. Şu ýerde hem hünär öwrenmegiň ynsan terbiýesi bilen baglanyşygy ýüze çykýar. Halypa-şägirtlik ýörelgesiniň berjaý edilmegi hünär dowamatyna dowam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde ýaşlaryň kämil ynsan bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan on iki terbiýe hakynda aýratyn nygtalyp geçilýär. Milli Liderimiziň şolaryň hatarynda ýaşlara kär-hünär terbiýesini bermek hakynda aýdanlary çagalaryň bilim-terbiýesi bilen meşgullanýan mugallymlar, terbiýeçiler üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Gözel JUMAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň müdiri.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 05.10.2023

Tmpedagog