01.10.2023 Gollanma258 .

Sosiolingwistika we onuň esasy düşünjeleri


Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkyşy döwründe ene dilimizi düýpli öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň baý, şahyrana dilimiz bar. Ol biziň halkymyzyň kalbynyň baýlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär, çünki dilde milletiň kalby ýaşaýar ” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, dilimiziň baý sözlük goruny öwrenmek bilen baglanyşykly uly işler edilýär.

Häzirki döwürde türkmen diliniň fonetik, leksik, morfologik, sintaktik, stilistik aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça köp sanly ylmy derňew işleri ýerine ýetirilip, olarda täze garaýyşlar öňe sürülýär. Dili sosiolingwistik nukdaýnazaryndan öwrenmek hem täze ýüze çykan ugurlaryň biridir. Sosiolingwistika dili sosial şertler bilen baglylykda öwrenýär. J.Amansaryýew bilen G.Gulmanowyň “Lingwistik terminleriň rusça-türkmençe sprawoçniginde” oňa şeýle düşündiriş berilýär: “Sosiolingwistika – dil biliminiň bir bölümi bolup, dil bilen jemgyýetçilik durmuşyň arasyndaky baglanyşygyň sebäplerini, diliň sosial dialektlere bölünişini öwrenmegi maksat edinýär.”

Sosial şertler esasynda dil daşky ýagdaýlaryň ýygyndysy görnüşine eýe bolýar, hakyky wezipesini ýerine ýetirýär, ösýär, kämilleşýär. Jemgyýetiň sosial strukturasyna: ýaşyna, sosial statusyna, bilim derejesine, ýaşaýan ýerine, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ýagdaýyna baglylykda adamlaryň sözleýşi tapawutlanýar. Dile sosiolingwistik nukdaýnazardan çemeleşmegiň aýratynlygyna düşünmek üçin sosiolingwistikanyň obýektini, onuň peýdalanýan esasy düşünjelerini, derňew usullaryny we onuň XX asyryň ahyrynda formirlenişini öwrenmek zerurdyr.

Diliň sosial gatnaşyklarda meňzeşlikden daşdalygy bireýýämden bäri mälim. Bu barada ilkinji ýazuw üsti bilen gözegçilikleri hasaba alanlaryň, subut edenleriň biri Gonsalo de Konreasdyr (XVII asyr). Ol diliň sosial köpdürlüligini takyk kesgitläpdir. Dil dialektlerden başga birnäçe köpdürlülige eýe: adamlaryň ýaşy bilen baglanyşykly, merkezden daşda ýaşaýanlaryň jemgyýetdäki orny we emlägi bilen baglanyşykly: oba adamlarynyň, ýönekeý adamlaryň, şäherlileriň, meşhur ýolbaşçylaryň we köşk adamlarynyň, alymlaryň, taryhçylaryň, öwüt-ündewçileriň, erkek adamlaryň we zenanlaryň, hatda çagalaryň hem dili bolýar.

“Sosiolingwistika” adalgasy ilkinji gezek 1952-nji ýylda amerikan sosiology German Karri tarapyndan ulanylýar. Emma bu 1950-nji ýyllaryň başlarynda döredilende diliň sosial şertliligi hakyndaky ylym manysyny aňlatmandyr. Sosiolingwistikanyň köklerini diňe bir amerikan esaslaryndan däl, eýsem, ýewropa, aýratyn hem rus ylmy esaslaryndan agtarmak gerek.

Häzirki zaman sosiolingwistikasy üçin möhüm ideýalar XX asyryň birinji ýarymyndaky meşhur alymlar I.A.Boduen de Kurtene, Ý.D.Poliwanow, L.P.Ýakuboskiý, W.M.Žirmunskiý, B.A.Larin, A.M.Selişew, W.W.Winogradow, G.O.Winokur, F.Brýuno, A.Meýe, P.Latarg, M.Koen, Ş.Balli, A.Seşe, Ž.Wandries, B.Gawranek, A.Matezius we başgalar tarapyndan öňe sürlüpdir.

Sosiolingwistika diliň sosial tebigatyny, onuň jemgyýetçilik funksiýasyny öwrenmek üçin dil biliminiň, sosiologiýanyň we etnografiýanyň metodlaryny ulanýar. Bu ylmyň esasy düşünjelerine dil maşgalalary, dil hadysalary, sosial-kommunikatiw ulgam, diliň sosiallaşmagy, kommunikatiw kompetesiýa, diliň şertli belgileri (kodlar), şertli belgileriň üýtgemegi, iki dillilik, dil syýasaty, sosiolekt, argo, žargon, sleng, koýne we başgalar degişlidir.

Türkmen diliniň leksikasyndaky sosiolingwistik aýratynlyklaryny öwrenmek dilimizi kämilleşdirmekde, söz baýlyklaryny ýüze çykarmakda we olardan ýerlikli peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Umyt BAÝRAMALYÝEWA,
B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýat mugallymy.



Tmpedagog