28.09.2023 Gollanma344 .

Magtymguly, sözüň hakdyr


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň ady arşa göterilýär, mertebesi beýgeldilýär, dünýä tanadylýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp goşgusyna ýüzlensek has-da anyk göz ýetirýäris. Hormatly Arkadagymyzyň beýik şahyrymyza şeýle belent sarpa goýmagy akyldar şahyryň «Eý ýaranlar, är ýigidi är tanar» diýen goşgy setirlerini ýadymyza salýar.

Magtymguly Pyragynyň öý muzeýiniň döredilmegi, paýtagtymyzdaky iň baýry ýokary okuw mekdebine onuň adynyň dakylmagy, birnäçe dostlukly döwletleriň şäherlerinde heýkelleriniň goýulmagy, aýratyn-da dagyň beýik eteginde onuň ýadygärliginiň we ajaýyp seýilgähiň gurulmagy, geljek ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagynyň meýilleşdirilmegi, bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyra goýýan sylag-sarpasynyň, hormatynyň ýokary derejededigini görkezýär.

Alymlaryň Magtymguly barada aýdanlaryna ser salsak: «Gökleň urugynyň, gerkez tiresinden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmenleriň halypasydyr» (akademik A.N.Samoýlowiç), «...Gökleňlerden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollylar üçin-de milli şahyr boldy» (akademik W.W. Bartold) ýaly maglumatlara duş gelmek bolýar. Gündogary öwreniji rus alymy Ýewgeniý Bertels Magtymguly Pyragyny gündogar rowaýatyndaky Jemşidiň jamyna meňzedýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, jamyň gyrasyna kaksaň dünýädäki bolýan wakalaryň hemmesini görýärmişiň. Bertels Magtymguly Pyragyny öwrenmek, onuň goşgularynyň manysyny açmak üçin Firdöwsini, Fizulyny, Nyzamyny, Jamyny, Dehlewini doly öwrenendigini, olar barada monografiýalary ýazandygyny belleýär. Emma ol Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň syryny açyp bilmändigini boýun alýar. Bu barada Magtymgulynyň özi hem:

Magtymguly syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur —

diýip belleýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giden bir umman. Şahyryň döredijiligi watansöýüjilik, gahrymançylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, pähim-paýhaslylyk, söýgi, gyz-gelinleriň görk-görmegi, edep-ekramy, el hünärleri, tebigat gözellikleri, dag-düzlerimiz, derýadyr deňzimiz, ajaýyp çölümiz, asman, Aý, Gün, ýyldyzlar, ýedi yklym ýaly we başga-da köp mowzuklary öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň goşgusynda bularyň hemmesini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, iki setire sygdyrypdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň üç ýüz ýyl mundan ozal arzuw eden zamanasy geldi.

Magtymguly Pyragynyň adyny beýik derejelere ýetiren, dünýä tanatmakda ägirt uly işleri amala aşyran we aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Allabersin ARATJANOW,
Şabat etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 28.09.2023

Tmpedagog