23.09.2023 Gollanma73 .

Ak arzuwlaryň ganaty


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha arşa galýar. Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere baý bolýar.

Halkymyz agzybirlikde, jebislikde şeýle taryhy ähmiýetli wakalara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Çünki, Garaşsyzlyk kalbymyzyň buýsanjy, gözümiziň göreji. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuwlap gezen asudalygynyň, erkinliginiň, bagtyýarlygynyň aýdyň beýany. Garaşsyzlyk — ak arzuwlaryň ganaty, bagta barýan günleriň zynaty.

Ajaýyp döwletli döwranymyzda güneşli Diýarymyzyň goýnunda bagtly ertirlere sary ynamly öňe barýan bagtyýar il-günümiz bu günki gün baky bagtyň hözirini görüp, eşretli, erkana durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzy ösüşlerden-özgerişlere bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýazgül AKYMOWA.
Mary etrabyndaky ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 21.09.2023

Tmpedagog