20.09.2023 Gollanma324 .

Akyldar şahyryň döredijilik mirasy


Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir öz halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar edebiýatynyň ösmegine oňyn täsir etdi. Şahyryň parasatly setirleri ulus-iliň kalbynda ebedilik orun aldy. Onuň köp sanly parasatly sözleriniň nakyllara, atalar sözüne öwrülip gitmegini hut şunuň bilen düşündirip bolar.

Dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň. Onuň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlak we terbiýeçilik öwüt-ündewleri tutýar. Akyldar şahyr halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär. Şahyr:

Söz sözleseň, söz aslyna ýet ýagşy.

* * *

Akyl bolsaň, söz aýtmagyn
Nobat berilmegen ýerde —

diýip öwüt berýär.

Bu goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, ýerliksiz köp gürlemek adamy iliň gözünden düşürýär, mertebesini peseldýär. Bu ýerde her bir sözlejek sözüň näme many aňladýandygyna, diňleýjä nähili täsir edýändigine düşünmegiň zerurlygy bellenilýär.

Magtymguly ynsan saglygy üçin zerur bolan şadyýanlygy, beden hem ruhy gözelligi, arassalygy wasp etmek bilen sagdyn ýaşaýyş-durmuşy wagyz edipdir. Magtymguly «Zor bolar» goşgusynda şeýle belläp geçýär:

Ýagşylykda ile özün tanydan —
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy şygyrlaryny halka düşnükli dilde ýazypdyr. Onuň goşgularynda haýyr we şer, ynsanperwerlik we adamkärçilik, dostluk, gahrymançylyk, rehimdarlyk, paýhaslylyk, agraslyk, sadalyk, halallyk, ar-namyslylyk barada gürrüň edilýär.

Şahyr «At ýanynda bellidir» atly goşgusynda şeýle ýazýar:

Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.

Şahyryň şygyrlaryndaky pikirler ýakymly duýgulary döredýär. Onuň nakyla öwrülen setirleri paýhasyň altyn dänesidir. Şahyr nähili ýaşap, nämelerden gaça durmalydygy baradaky oý-pikirlerini şahyrana görnüşde beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň edebi gymmaty we terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin akyldar şahyryň goşgulary halkymyzyň gymmatly ruhy hazynasyna öwrüldi.

Beýik Pyragynyň arzuwlan döwletini häzirki wagtda bütin dünýä tanaýar. 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi halkymyzy buýsandyrýar. Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz beýik akyldarymyza bagyşlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy halk tarapyndan buýsanç bilen garşylandy. Bu goşgy halkymyzda ruhubelentlik döredip, Watana söýgini, söz ussadyna sarpany has-da artdyrdy.

Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.09.2023

Tmpedagog