18.09.2023 Gollanma133

Bagtyýarlygyň baýramy


Diýarymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk toýy hasylly güýz paslynyň türkmen halkyna eçilen miweleriniň biri bolsa gerek. Agzybir halkymyz indi 32 ýyl bäri bu baýramy giňden dabaraly ýagdaýda belleýär. Şol ýyllaryň içinde ýurdumyz görlüpeşidilmedik derejede beýik sepgitlere ýetdi. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar buýsançly wakadyr. Bu ýyllarda Türkmenistanyň halkara abraýy artdy, ýurdumyz dünýä döwletleriniň içinde uly goldawa eýe bolan ykdysady-syýasy taýdan kuwwatly, durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny ýöredýän öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şonuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ep-esli derejede ýokarlandy, milli aňyýetimiz kemala geldi, ýaş nesilleriň dünýägaraýşy, bilim derejesi kämilleşdi. Bular şanly Garaşsyzlygymyzyň saýasynda döwlet syýasatymyzyň netijesinde hasyl boldy. Bu günki türkmen halkynyň durmuşy biziň şöhratly pederlerimiziň arzuwlan zamanasydyr.

Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň köpasyrlyk arzuwynyň wysaly.
Garaşsyzlyk — biziň şu günki bagtyýar durmuşymyzyň kepili.
Garaşsyzlyk — ýagty ertirimiziň güwäsi.
Garaşsyzlyk — gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan berk düşünje bolup, ol döwletimiziň kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň esasyny düzýär. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi halkymyzyň jebisliginde, agzybirliginde, dünýä halklary bilen dostanalygynda jemlenýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň ähli döwürlerinde türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagy, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmegi, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmegi ata-babalarymyzyň arzuw-umytlarynyň, özbaşdak, berkarar döwletlilik baradaky ynam-ygtykatlarynyň pederlerimiziň ýaşan ýurdunda dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.

Garaşsyzlyk — körpe neslimiziň bagtyýarlygyny, şatlygyny kepillendirýär, ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge ruhlandyrýar, ýaşuly neslimize güýç-kuwwat berýär. Gülläp ösüşleriň ýurdy bolan eziz Watanymyzda, haýyrly işleriň rowaçlanýan merkezi bolan ak mermerli paýtagtymyzda bu günki gün Garaşsyzlyk baýramy uludan toýlanýar. Oňa her pudagyň wekilleri sowgatly barýar. Çünki bu baýramy halkymyz berkararlygyň, bagtyýarlygyň, dostlugyň, abadançylygyň baýramy hökmünde sarpalaýar.

Gülälek REJEPOWA,
Aşgabat şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky
72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 18.09.2023

Tmpedagog