18.09.2023 Gollanma96 .

Nusgalyk mekdep


Gujagyny rysgal-bereketden püre-pür dolduryp gelen tyllaýy güýzüň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

Mugallymy müň miweli daragtlary ýetişdirýän bagbana meňzedýärler. Daşy ýonup, sünnä sungat döredýän heýkeltaraşdanam kem görenoklar. Ony geljegiň sarsmaz sütünlerini gurýan binagäre hem meňzedýärler. Olaryň hiç birine hem ýok diýip bilmeris. Ýöne şol meňzedilýän kärdir hünärleriň hemmesiniň güýç-kuwwaty, mizemezligi mugallymyň yhlasyndan başlanýar diýsek ýalňyşmarys.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, biz 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip belent at berdik» diýmegi biz ýaşlaryň buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Raýatyň gowy adam, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi jemgyýetimiz üçin utuş bolup durýar. Şol kişiniňem mugallym bolmagy welin, jemgyýete ençeme esse bähbitlidir. Gahryman Arkadagymyz — milletimiziň baş mugallymy, biz ýaşlaryň durmuş uniwersiteti, halkyň ýol görkezijisi, watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi.

Biz ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Merjen GURBANOWA,
Gyzylarbat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 18.09.2023

Tmpedagog