12.09.2023 Gollanma428 .

Be­ýik da­na­nyň keş­bi çe­per­çi­lik sun­ga­tyn­da


Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, Gah­ry­man Arkadagy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, ýur­du­myz­da da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk to­ýu­ny hal­ka­ra de­re­je­sin­de toý-da­ba­ra­la­ra bes­läp bel­le­mek ba­ra­da taý­ýar­lyk iş­le­ri ýo­ka­ry dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bu şan­ly se­nä ba­gyş­lap, mil­li ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­çy­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te fil­mi su­ra­ta dü­şür­mek iş­le­ri ýola goýulýar.

Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na ägirt uly go­şant go­şan ajaýyp söz us­sa­dy­nyň çe­per keş­bi türk­men su­rat­keş­le­ri­niň dö­re­di­ji­li­gin­de hem my­na­syp orun alyp gel­ýär. Şa­hy­ryň il­kin­ji hy­ýa­ly (ka­no­ni­ki) keş­bi­ni dö­re­den Aý­han Ha­jy­ýew bi­len bir ha­tar­da bu ugur­da aja­ýyp iş­le­ri bi­len ady­gan us­sat­la­ryň ha­ta­ryn­da Ata­bal­ly Ki­çi­gu­ly­ýe­wiň ady hem hor­mat bi­len tu­tul­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan su­rat­ke­şi, Türk­me­nis­ta­nyň su­rat­keş­ler bir­le­şi­gi­niň ag­za­sy Ata­bal­ly Ki­çi­gu­ly­ýew Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi bi­len aý­ra­tyn gy­zyk­la­nyp, bu ugur­dan bir­nä­çe ýat­da ga­ly­jy ese­ri dö­re­dip­dir. Su­rat­ke­şiň söz us­sa­dy­nyň şyg­ry­ýet dün­ýä­si­ne go­ýan be­lent sar­pa­sy 1968-nji ýyl­da dö­re­den «Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry» at­ly işin­de aý­dyň gö­rün­ýär. Bu be­lent sar­pa su­rat­ke­şiň 1983-nji ýyl­da dö­re­den «Py­ra­gy», 1990-njy ýyl­da dö­rän «Mag­tym­gu­ly», 1991-nji ýyl­da dö­re­den «Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi» ýa­ly su­rat eser­le­rin­de has-da kä­mil su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Su­rat­ke­şiň baý dün­ýä­ga­raý­şy, pi­kir­le­ri, reňk du­ýuş uky­by ady ag­za­lan eser­ler ar­ka­ly şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ni açyp gör­kez­mek­de öz­bo­luş­ly usu­ly eme­le ge­tir­ýär. Bu iş­ler­de şa­hy­ryň keş­bi ar­ka­ly türk­men psi­ho­lo­gi­ýa­sy, fi­lo­so­fi­ýa­sy we dün­ýä­ga­raý­şy şöh­le­len­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň halk su­rat­ke­şi Aý­han Ha­jy­ýe­wiň 1947-nji ýyl­da dö­re­den «Mag­tym­gu­ly» at­ly hy­ýa­ly keş­bin­de da­na Py­ra­gy bir ta­ra­pa se­re­dip otyr. Şon­dan soň her bir türk­men su­rat­ke­şi şa­hy­ryň keş­bi­ni jan­lan­dy­ra­nyn­da şol öw­rü­mi gaý­ta­la­ýar. Ata­bal­ly Ki­çi­gu­ly­ýew hem «Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi» (1991) at­ly işi­ni dö­re­de­nin­de bu öw­rüm­den peý­da­la­nyp­dyr. Eser­de şa­hyr uzak­la­ra se­red­ýär. Onuň jo­şup gel­ýän yl­ha­my­ny do­dak­la­ry­nyň müň­kül­deý­şin­den aň­mak bol­ýar. Şa­hyr, göw­nü­ňe bol­ma­sa, bu keş­bi bi­len to­ma­şa­ça:

Jeý­hun bi­len Bah­ry-Ha­zar ara­sy,
Çöl üs­tün­den öw­ser ýe­li türk­me­niň.
Gül gun­ça­sy ga­ra göz­müň ga­ra­sy,
Ga­ra dag­dan iner si­li türk­me­niň —

di­ýip, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ün­däp du­ran ýa­ly.

Şa­hy­ryň ar­ka­syn­da ikin­ji ha­tar­da türk­men oba­sy­nyň de­ňin­den ha­tar gu­rap ge­çip bar­ýan ker­wen gö­rün­ýär. Me­le çä­gä­niň ýü­zün­dä­ki öw­rüm­li ýol­lar ja­ňyň se­si­ni hy­ýa­lyň­da duý­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Gün­do­gar­dan ja­han ýag­ty­lyp gel­ýär. Dag­la­ryň üs­tü­ne gök hem-de sa­ry öwüş­gin­ler ça­ýy­lyp­dyr. Bu eziz Wa­tan — şa­hy­ryň yl­ham çeş­me­si. Gy­zyl reňk­le­riň saz­la­şy­gy şa­hy­ryň şe­ki­li­ni has-da da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

Nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çe­per keş­bi şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň dür­li gör­nüş­le­rin­de aý­dyň şöh­le­len­ýär. Mu­nuň özi ha­ly­pa we ýaş su­rat­keş­le­riň be­ýik söz us­sa­dy­nyň şah­sy­ýe­ti­ne we dö­re­di­ji­li­gi­ne goý­ýan be­lent sar­pa­syn­dan ny­şan­dyr.

Ýazgül BEGNIÝAZOWA,
Gyzylarbat etrabynyň G.Kulyýew adyndaky
20-nji orta mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniji.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 11.09.2023

Tmpedagog