«...Çorba — pete»
Türkmenlerde: «Et ete gider, çorba — pete» diýen pähim bar. Bu pähimiň aňyrsynda hekaýat ýatyr. Bir çopan öz çolugy bilen türkmen sährasynda goýun bakýan eken. Çolugyň esasy işi çopana ýardam etmek, onuň çaý-naharyna seretmek eken. Çopandyr çoluk, köplenç, çorba bişirinipdirler. Bir gün çopan tabak başynda çoluga: «Naharyň etinden köp iýýärsiň» diýip igenipdir. Şondan soň, çoluk çorbanyň suwuny, çopan hem etini iýmeli edilipdir.
Wagt geçdigiçe, çopanyň ýüzi garrap, galňap, gelşiksiz bolup barýarmyş. Sebäbi et — agyr iýmit, onuň bar ýokumy bolsa çorba geçýär. Çorba-da çolugyň ýüzüne — petine baryp, ony nurana görkezipdir. Ýeri gelende, çorbanyň dürli görnüşleriniň bardygyny nygtasymyz gelýär: gowurma çorba, gara çorba, börekli çorba, kellebaşaýak çorbasy, towuk çorbasy, nohutly çorba, tüwüli çorba, kelemli çorba, tüňçe çorba... Bularyň hersiniň aýratyn taýýarlanyşy, ýokumy, tagamy, lezzeti bar. Olaryň ählisem türkmen saçagynyň ýaraşygy.
Biz söhbedimizi dograma baradaky gürrüň bilen dowam etmekçi. Dogramanyň bişiriliş usulyny bilmeýän türkmen bolmasa gerek. Ýöne onuň döreýşi baradaky rowaýaty hemme bilýän däldir. Şonuň üçin dogramanyň gadymy milli nahardygy baradaky rowaýaty dykgatyňyza hödürleýäris.
Gadym döwürde eli açyk, dana bir adam sadaka beripdir. Onuň sadakasyna çar ýandan köp adam gelipdir. Gelen adamlaryň arasynda doga batyl (kör) biri bar eken. Sadaka berýän dana kişi bu adamyň şikeslidigini göz öňünde tutup, goýun çekdirmesini saçaga äberenlerinde, ullakan omaçany onuň çanagyna atmagy tabşyrýar. Kem-kemden nahara elini uzadan kör, özüne sarpa goýulýandygyny duýýar. Ol içki pikirini daşyna çykaryp: «Maňa şeýle omaçany berip bilen adam beýlekilere näme berdikä?» diýip pyşyrdaýar. Batylyň pyşyrdysy agyzdan-agza geçip, sadaka berýän dana ýetýär. Ol bolsa sadaka gelen mähelle bilen maslahatlaşyp, hemmä deň ýeter ýaly milli tagamy taýýarlamaly diýen pikiri orta atýar. Şondan soň petir çörek, bişen goýun eti bilen düýp sogan ownuk dogralyp garylýar. Şeýlelikde, datly dograma nahary emele gelýär-de, hemme kişä deňlik bolýar. Kellebaşaýak çorbasyna salnan dograma — türkmenleriň milli tagamy.
Döwletmyrat SADYKOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 07.09.2023