15.01.2023 Gollanma351 .

Synp tagtasy näme üçin ýaşyl reňkde?


 Häzirkizaman mekdeplerinde mekdep tagtalary diňe hek bilen däl, eýsem markerler bilen ýazmak üçin dürli reňklerde bolup bilerler. Şeýle-de bolsa, birneme öňki döwürde okuw jaýlarynda ilkibaşda gara reňkli, kähalatlarda goňur reňkli tagtalar ulanylypdyr. Öňki döwürde tutuş synp üçin giň ölçegdäki tagtalar däl-de, eýsem uly bolmadyk agaç bölekleri ulanylypdyr. Diňe 1800-nji ýylda uly tagta bölekleri peýda boldy. Ýagny şotland mekdeplerinden biriniň müdiri Jeýms Pillans okuwçylara karta çyzmagy öwretmek isledi. Ony bolsa kiçi tagtalarda ýerine ýetirmek mümkin däldi.

 Giň ölçegdäki synp tagtasy baradaky pikiriň goňşy mekdeplere ýaýramagy, mugallymlaryň wagtyny tygşytlamagy başardy. 1815-nji ýylda eýýäm tagta ýazmak üçin esbaplar döredildi. 1840-njy ýylda bolsa, amerikan we ýewropa mekdeplerinde ýörite grifel tagtalary ornaşdyryldy. Ondan öň tagtalar diňe gara ýa-da goňur reňkde bolan bolsalar, 1960-njy ýyldan başlap, kompaniýalar ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen polat plastinalaryny satuwa çykaryp başladylar. Bu material ýeňil we çydamlylygy sebäpli, olary beýleki ýurtlara ibermek has aňsat we arzan düşýärdi. Şeýle-de ýaşyl syrçanyň ýüzünden hek ýeňil aýrylýar. Şol bir wagtda, hünärmenler ýaşyl reňkiň günüň islendik wagtynda – günde ýa-da kölegede, gözüň kabul etmegi üçin iň amatlydygyny belleýärler. Muny gün şöhlesine sezewar bolanda, güýçli gapma-garşylyk döretmeýan ýaşyl reňkli tagtalary ulanmagy amatly hasap edýän mugallymlar hem tassykladylar. Şonuň üçin hem 1960-njy ýyllarda ýaşyl reňki synp tagtalary ABŞ-da, soňra Ýewropa ýurtlarynda peýda bolup başlady. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, dünýäniň ähli ýurlarynda ulanylmaga girizildi.

Gülbahar MARATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



Tmpedagog