07.09.2023 Gollanma373 .

Adamzat kalbynyň şahyry


Watan, il-gün kalbyň karary, ýüregiň aramy, köňlüň ylham joşguny, ruhuň güýji, durmuşyň şirinligidir. Beýik Pyragynyň aýdyşy ýaly, «Gül gunçasy gara gözüň garasy» bolan Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy biziň Watanymyzdyr. Şu söhbedimiz hem Magtymguly Pyragynyň hiç wagt irizmeýän, könelmeýän, ähli döwürlere gabat gelýän Watan, il-gün mowzugyndan ýazan ajaýyp şygyrlary barada.

Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň ogly, şu Watanyň şahyry, waspçysy. Ol halkyň şatlygyna guwanyp, gynanjyna gyýlyp, öz döwründe ýüze çykan sowallara beletlik bilen jogap bermegi başaryp, bagtyýar geljegiň ýollaryny salgy beren dana akyldar. Bu setirler bolsa parasatly şahyryň beýik watanperwerliginiň şahyrana beýany:

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Dana akyldaryň watansöýüjiligi şahyryň arzuwa, ynama ýugrulan setirlerinde beýan edilip, onuň weliligi aklyňy haýrana goýýar.

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Watan tebigatynyň tarypnamasy — Watan waspnamasy. Akyldar şahyryň Watana bolan söýgüsinden pürepür ýüreginiň joşguny onuň dogduk mekanynyň dagyna — Soňudaga bagyşlap ýazan şygrynda anyklyk, kesgitlilik bilen beýan edilipdir. Bu şygyrda şahyryň eziz mesgeniniň dagdanly dagy howalanýar, sowuk suwly çeşmeleri göwnüňi açýar, barly-barjamly ýomut-gökleň ili göz öňüňe gelip, ol ýerleriň sergin howasy ýüzüňi ýelpän ýaly bolýar:

Eý söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň.
Duşman görse, döwdüleşer,
Ýomut, gökleň iliň seniň.

Şahyryň Watanyna bolan çäksiz söýgüsi onuň «Ýeli Gürgeniň» atly goşgusynda şeýle beýan edilýär:

Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly,
Gözelleri bardyr altyn-kümüşli,
Boz güsbent, gyr ýylky, gara gäwmişli,
Argaly gäw bolar maly Gürgeniň.

Bu setirlerde beýik watançy şahyryň eziz topragynda ýaşaýan her bir adama, howasyndan dem alýan mal-garasyna, ot-çöpüne bolan yssy mähri, çäksiz guwanç-buýsanjy duýulýar. Şahyr «Döker bolduk ýaşymyz» goşgusynda türkmen halkynyň agzybirlik baradaky belent arzuw-maksadyny nepis duýgy, jöwher akyl bilen beýan edýär, türkmen halkynyň dagdan gelýän sillere çalymdaş güýjüne ynanýar.

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada taýýar bolsun aşymyz.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili —
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Magtymguly Pyragyny ähli döwürleriň, ömürleriň şahyryna öwren beýik duýgularyň biri-de, onuň türkmen halkyna bolan çäksiz ynamydyr, öz döwürdeşleriniň ýürek urgusyny duýup, olaryň ykbalyna şirin söz bilen täsir etmegidir. Özlerini bagta tarap äkidýän ýollary türkmen halky akyldar Pyragynyň asala ezilen şygyrlaryndan tapypdyr. Aşakdaky şygyr setirleri biziň sözümiziň aýdyň beýany bolup ýaňlanýar:

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Dana Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» diýip belleýär. Şahyr türkmen topragynyň waspçysy, türkmen binasynyň wagyzçysy. Akyldar şahyryň her bir goşgusy «Watan» diýip seslenýär, «ilim — günüm» diýip owazlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri azat il, güzer gözlän dana Magtymgulynyň, şahyryň söwer iliniň isleg-arzuwlarynyň amala aşýan, dabaralanýan, ganatlanýan döwri boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde, «Adamzat kalbynyň şahyry» bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi belent derejelere göterildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar äleme ýaýyldy. Çünki türkmen halkynyň parasatly şahyry ölmez-ýitmez şygyrlar arkaly köňül ýylysyny älem-jahana ýetirmegi başaran şahsyýet. Magtymgulynyň özi bu barada şeýle diýýär:

Namart menem, sil içinde akmasam,
Yşk emes men, pany-jahan ýakmasam.

Il-halkyna, onuň gadymy mirasyna, şol sanda türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!



Käbe SOLTANMURADOWA,
Boldumsaz etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 07.09.2023

Tmpedagog