Bilim — ykbal ýolunyň nurly çyragy. (Bilimler we talyp ýaşlar gününe)
Döwletiň, döwrüň şu gününiň hem-de geljeginiň özgerişli menziliniň aýdyňlygynyň kemally nesillere baglydygy hemmä mälim zat. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýaşlaryň bilimli, ylymly, hünärli bolmagy ugrunda bimöçber tagallalar edilýär we olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim-ylym almaklary, asyryň ösüşini alamatlandyrýan sanly ulgamdan, tehnika-tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde goýlan maksatnamalaryň yzygiderli, tapgyrlaýyn ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023 — 2024-nji okuw ýyly hem bosagada. Döwlet özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri, däbe öwrülişi ýaly, her täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de ata Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň dabaralara beslenmegi bilen döwrebap okuw mekdeplerinde ilkinji jaň sesleri ýaňlanýar. Täze açylyp ulanmaga berilýän mekdeplerde ýaňlanýan jaň sesleri has-da üýtgeşik. Olaryň sesi çagalary döwrebap tehnologiýalar dünýäsinde kämil bilim almaga çagyryş bolup eşidilýär. Bu bolsa täze bilim ojagynyň gujagyna dolýan her bir çaganyň hakydasyna süýji günleriň ýakymly ýatlamasy bolup ornaýar. Şeýle şatlykly pursatlaryň barha ýakynlaýandygyny awgust aýynyň ilkinji günlerinde guralan mekdep bazarlaryndan, ondan okuw esbaplarydyr ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önümlerinden taýýarlanan milli lybaslaryň hyrydarlary bolan bagtyýar ildeşlerimiziň edýän söwdalaryndan hem duýmak bolýar. Ilkinji ýola ak mekdebe gadam basmaly körpeleriň, giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde talyplyk hukugyny gazanan ýaşlaryň başdan geçirýän buýsançly duýgularyna daş gözden şäriksiň.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşli ýolunda ýörelgä öwrülen üstünlikli, buýsançly pursatlaryň biri-de her täze okuw ýylynda 1-nji synpa barýan alty ýaşly çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan öwrediji häsiýetli, ýörite programmalar ýerleşdirilen «Bilim» atly kompýuterleriň sowgat berilmegidir. Bilim dünýäsine gadam basýan nesilleriň ilkinji ädiminiň döwrüň talabyna laýyk getirilmegi, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ösüşi bilen aýakdaşlygyny görkezýär. Şeýle-de birnäçe orta mekdepler dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilip, olarda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Şonuň bilen birlikde, okuwçy gyzlara ene-mamalarymyzdan galan el hünärleri, milli, döwrebap tagamlaryň taýýarlanylyşy öwredilse, oglanlarda neçjarçylyk, ussaçylyk, dellekçilik... ýaly birnäçe kär-hünäre söýgi döredilýär. Bagtyýar nesiller hem döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklere dogry düşünip, mekdeplerde we mekdeplerden daşary hereket edýän dürli gurnaklara, sport, medeniýet toplumlaryna gatnaýarlar. Bir sözde beýan edeniňde sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, türkmen tuguny belentlerde parlatjak ýaşlar bolup kemala gelýärler. Muňa okuwçylardyr talyplaryň arasynda dürli ugurlar boýunça sebit we dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda, bäsleşiklerde türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleriniň barha artmagy-da doly derejede delildir.
Ýokary we orta okuw mekdeplerinde dersleriň multimedia tagtalarynda düşündirilmegi, köpçülikleýin elektron ulgamlarynda kitaplaryň, metbugat sahypalarynyň, saýtlaryň, okuw we hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň ýerleşdirilmegi ylym-bilim elýeterligini döredýär hem-de olaryň hilini ýokarlandyrýar. Elbetde, ýaşlaryň ösen tehnologiýalardan, sanly ulgamlardan oňat baş çykarmaklary, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, mekdebe ilki gadam basýan çagajyklara ýörite programmalaşdyrylan kompýuterleriň sowgat berilmegi bilen baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kompýuter sowatlylygy bilen bagly asylly başlangyjynyň datly miwelerini bu gün döwlet ulgamlarynda, ýaşaýyş durmuşymyzda ähli babatda görmek mümkin.
Günsaýyn batly depginde özgerýän eziz Watanymyzda indi birnäçe wagtdan bäri täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy ýylyň şygary bilen bagly geçilýär. Bu bolsa ýaşlaryň Watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, olaryň döwlet syýasatyna dogry düşünip, maksadaokgunlyk bilen öz orunlarynda işjeňlik görkezmeklerine uly itergi berýär. Çünki her bir şygar şol ýylda durmuş ýüzünde şöhlelendiriljek beýik işleriň mazmunyny özünde jemleýär. Nesip bolsa, sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen okuw ýylynyň ilkinji sapagy geçiriler.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdedir» diýip belleýär. Elbetde, türkmen halky owal-ahyrda öz ýagty geljegini sowatlylykda, ylym-bilimde, il-güne, ata Watana peýdaly kär-hünäriň başyny tutmakda görüpdir. Hut şonuň üçin-de, ata-babalarymyz «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat»... ýaly birnäçe parasatly pähimleri, atalar sözlerini, şeýle-de ençeme täsirli tymsallary nesillere miras galdyrypdyrlar. Galkynyşly döwrümizde pederleriň arzuwy bagtyýar nesilleriň üsti arkaly wysala gowuşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak biziň esasy maksadymyzdyr. Şol sebäpli-de, täze okuw ýylyna bilim ulgamynyň işgärleri hem oňat taýýarlyk görüp, her bir nesliň kemally bolmagy ugrunda öz hünär ussatlygyny artdyrýarlar. 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen sebitiň ilkinji «akylly» şäherindäki okuw mekdeplerinde hem ilkinji jaňlar kakylar. Döwletimiziň beýleki okuw mekdepleri bilen birlikde, şäheriň döwrebap, täze ylym-bilim ojaklarynyň gujagyny bagtyýar nesiller doldurar. Şeýle-de ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde 35 sany täze hünärler boýunça okadylyp başlanar. Bu hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylymly-bilimli ýaşlaryň mekanydygyny Ýer ýüzüne äşgär eder.
Goý, «Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir» diýip, ata Watanymyzda ylymly-bilimli nesliň kemala gelmeginde atalyk aladalaryny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edip, giň gözýetimli ýaşlara nusga bolýan döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 23.08.2023