23.08.2023 Gollanma836 .

Garaşsyzlyk we Magtymguly Pyragy


Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde bu düşünjeler mukaddes bitewülige öwrülýär

Garaşsyzlyk we Magtymguly. Döwletlilik we Magtymguly. Ýaşaýşyň kämil kada-kanunlary we Magtymguly. Milli pelsepe we Magtymguly... Bular Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde häli-şindi teswirlenýär. Milli Liderimiziň her täze eserinde we çykyşlarynda ol pikirleriň üsti doldurylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bilenem Gahryman Arkadagymyz şuňa ýene bir gezek gaýdyp geldi.


Bu gürrüňimizi dowam etdirmek üçin, döwlet garaşsyzlygynyň gözbaşlaryna, geçen otuz iki ýyllyk taryhyna, ony geljege alyp gidýän ruhy, ynanç, ýörelge taglymatyna, birazajyk hem bolsa, üns bermek gerek.

Garaşsyzlygy gazanmagyň hemme zat däldigi düşnüklidir. Şunuň bilen birlikde onuň gymmatyna, manysyna düşünmek zerur. Hemmeleriň düşünmegi, tutuş halk bolup düşünilmegi zerur. Diňe şonda ony gorap başarmak, berkitmek mümkin. Ine, şunuň bilen garaşsyzlyk doly manysyna eýe bolup biler. Muňa ýetmekde milletiň öňüne düşýän şahsyýetleriň parasadyna, bilim-düşünjesine, başarnygyna tas hemme zat bagly. Garaşsyzlyk bize diňe ýurdumyzyň özbaşdaklygyny öz adymyz bilen dünýä jar etmek däl, özümize, öz ýurdumyza akylly-başly erk etmek mümkinçiligini berdi. Şunda halkyň agysyny aglan we halkyň arzuwlaryna ýol görkezen Magtymguly ýaly beýik akyldarlarymyzyň parasadyny binýat edinmegiň ähmiýeti biçak uludyr. Şeýlelikde, garaşsyzlygyň beren şol mümkinçiligini akylly-başly, zehin hem başarjaňlyk bilen peýdalanmakda halkyň alnyndan ak Gün bolup dogan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hyzmatlarynyň gymmatyna ýetme ýokdur.

Milli Liderimiziň täze goşgusy barada aýdara zat juda kän. Edil häzir, görnüşi ýaly, munuň diňe bir tarapyna ünsi çekýäris. Hakykatda, umuman, Garaşsyzlyk hem Magtymguly bilen baglanyşykly duýgy-düşünjeler şygryň bütin süňňüni düzýär, onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ýagdaý ýazyjy-şahyr, edebiýatçy we beýleki alym adamlardan başlap hemmelere, iň ýönekeý okyjylara çenli görnüp durandyr. Sebäbi şygryň her bir setiri biziň beýik Magtymgula bolan mizemez garaýşymyzyň, şunuň bilen berk baglylykda, şu owadan günlerdäki mukaddes işlerimiziň, arzuw-maksatlarymyzyň «dirilik, ebedilik şerbetine» batyrylyp çykarylan ýaly! Geliň, şygryň dürdäne sözlerine daýanyp, pikirimizi dowam etdireliň:

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».
«Müň togap bilen biz barýarys ýanyna».
«Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna».
«Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty».
«Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty».
«Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne».
«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr».
«Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr»...

Bu setirleriň her biriniň, umuman, goşgynyň her bir setiriniň many-mazmun çuňlugy, giňligi barada juda çynlakaý söhbetler edip bolardy. Şol söhbetleriň ählisi biziň garaşsyzlyk, döwletlilik ýörelgelerimiz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolardy.

Biz näme üçin Magtymgulynyň parasadyna aýratyn üns berýäris? Näme üçin berkarar döwletimiz hakyndaky süýji söhbetlerimizi gaýta-gaýta Magtymgulynyň parasady bilen baglanyşdyrýarys? Bu sowallaryň jogabyny öňde eýýäm aýtdyk. Ýene dowam etdirip bolar: Munuň özi, bir tarapdan, akyldar şahyryň eserlerinde agzybirlik, bitewülik, parahatçylyk ideýalarynyň çuňňur işlenilendigi bilen baglanyşyklydyr. Ol ideýalaryň bu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda berk orun alandygy we alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Magtymgulynyň türkmeniň berkarar döwletliligini ruhy taýdan esaslandyryp gidendigi bilen baglanyşyklydyr. Beýleki bir tarapdan bolsa, halkyň Magtymgula şek-şübhesiz uýýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Magtymguly öz eserlerinde agzybirlik, jebislik, döwletlilik, parahat durmuş ideýalaryny düýpli derňäpdir. Bu ideýalary hem ylmy, hem halk tejribesi derejesinde, hem ylmy, hem halk dilinde düşündiripdir. Şular bilen birlikde, pikirlerini gudratly söz arkaly — beýik poeziýanyň dilinde, ýokary edebi-çeperçilik bilen, halkyň göni ýüregine barar ýaly edip aýdyp beripdir. Akyldaryň diňe bu ugurdaky garaýyşlaryny däl, islendik ugurdaky garaýyşlaryny jedelsiz, gutarnykly düşünje, berk kada-kanun, ýörelge hökmünde kabul edip gelýän halka onuň ady bilen şu günki berkarar türkmen döwletiniň maksatlaryny düşündirmek örän ygtybarly ýoldur. Elbetde, munuň üçin döwlet Baştutanynyň, halkyň öňüne düşýän adamyň inçe syýasatçy bolmagynyň derkardygy düşnüklidir.

Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli köp sanly, uly işlere badalga berilmegem, paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde, Köpetdagyň belentliklerinde beýik Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegem, bu ýerde akyldar şahyryň adyny göterýän örän ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynyň peýda bolmagam, Magtymgula bagyşlap eser döredilmegem şonuň üçindir. Diňe şu babatdaky başlangyçlary, tagallalary, eserleri hem Gahryman Arkadagymyzyň adyny milli medeniýetimiziň we dünýä medeniýetiniň taryhyna, adamzat genisine sarpa goýmagyň taryhyna müdimilik ýazandyr!

Magtymguly biziň ruhy ahwallarymyzyň özenine ornandyr. Ruhy hemaýatkärimiz bolup ýaşaýandyr. Ynanjymyza öwrülendir. Magtymgula tagzym — türkmen ruhuna tagzym. Magtymgula söýgi — özümize, öz halkymyza söýgi. Magtymgula ynam — özümize ynam. Ruhumyzy aýamazdan, söýgüsiz hem ynamsyz ýetjek menzilimiz, aljak galamyz bolmazdy.

Gahryman Arkadagymyzyň sözünde nur bar. Ol nur geçmişden gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasadynda, zehininde eýlenip, şu günki arzuw-maksatlary görkezýär. Geljege uzaýar. Şeýdip döwürleri birleşdirýär. Şeýdip bitewi ýol-ýörelgäni ybarat edýär. Milli pelsepäniň, milli duýgy-düşünjäniň, milli garaýşyň, milli ynam-ygtykatyň jemini, biri-birine eriş-argaç baglanyşýan bitewi ulgamyny emele getirýär. Biziň birek-birege, külli adamzada, durmuşa bolan gatnaşygymyzy aňladýar.

Milli Liderimiziň täze goşgusy Magtymgulynyň 300 ýyllyk toýunyň dabarasyny täzeden belende göterdi. Bu toýuň senasy bolup döredi. Bu toýuň şanyna bireýýämden bäri dowam edýän döwlet hem halkara derejeli çärelere täze goşant bolmak bilen bir wagtyň özünde, oňa görülýän uly taýýarlyga, köňülleriň ol baradaky joşgunyna ýene bir gezek güýç berdi. Bütin türkmen halkyny, dünýäni ýene bir gezek bu toýuň şatlygyna, dabaralaryna goşulmaga çagyrdy. Döredijilik adamlarynyň her biri üçin döwrüň iň möhüm temalaryna ýüzlenmegiň nusgasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda ýene şeýle diýýär: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, // Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk».

Milli Liderimiziň eserlerindäki şu hili nurana jümlelerde, şol sanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynda milletiň erkinliginiň, garaşsyzlygynyň, berkarar döwletliliginiň gymmatyna, manysyna düşünmegiň altyn açary bar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».

"Türkmenistan" gazeti, 23.08.2023

Tmpedagog