22.08.2023 Gollanma188 .

Beýik sepgitlere başlangyç


Häzirki wagtda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň sagdyn kemala gelmegini üpjün etmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, kämil ynsan bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuşda ýaşamaklary babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsançly nygtamalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämilleşmegine aýratyn üns berip, bu ugurda beýik işleri amala aşyrýar. Ýaşlaryň kämilligi bilim-terbiýeçilik ojaklaryna, mugallymlara hem berk baglydyr. Mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesle diňe bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň jemgyýetdäki milli edep-terbiýesiniň ornuny pugtalandyrmalydyrlar. Ylym-bilim beýik menzilleriň başlangyjydyr, bilimli nesiller bolsa ata Watanymyzyň geljegidir.

Ylym-bilim ojaklarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilmegi, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň giňemegi ýaşlara ylmyň gazananlaryny tiz özleşdirmäge, gözýetimini çuňlaşdyrmaga giň ýol açýar. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň bilime, ylma bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine şert döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, maşgala gymmatlyklarymyza aýratyn uly üns berilýär. Milli ýörelgelerimiz ýaş nesillere yzygiderli öwredilýär, wagyz-nesihat edilýär. Geçilýän sapaklarda hem okuwçylara milli gymmatlyklarymyz dogrusynda giňişleýin düşündiriş berilýär. Pederlerimizden miras galan nakyllaryň hem-de paýhasly sözleriň manysy hakynda pikir alşylýar.

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synpa gadam basýan okuwçylara okuw kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Bu bolsa ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin oňaýly şertleriň döredilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr.

Güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Maýsa MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

"Nesil" gazeti, 22.08.2023

Tmpedagog