Ýaşar, işlär ýörer mugallym sözi
Her bir geçilen ýol taryh bolup, ynsana durmuşyň akymynda öz ýoluny saýlamaga täsirini ýetirýär. Tapgyrma-tapgyr geçýän ýyllar adamzadyň durmuş mekdebini kemala getirýär. Olaryň ýatdan çykmajak pursatlara has baýy-da mekdep ýyllarydyr. Ak kagyz deý ýaňy okuwa gelen çagalar mekdepde ilkinji ussadyna — mugallymyna duşýar.
Ilkinji sowat öwreden mugallym — dünýäde iň bir hormatly ynsanlaryň biri. Çünki seniň sen bolmagyňda onuň çeken zähmeti diýseň uly.
1-nji sentýabryň jaňy kakylandan soň, sowat, bilim, ylym äleminden paý beriji mugallymlar uly mertebä mynasypdyr. Olaryň aýdan sözleri şahyr Kerim Gurbannepesowyň şygyr setirlerindäki ýaly «Watan sözi», «kanun sözi», «mukaddeslik sözi» hasaplanylýar.
Mekdebiň başlangyç synp okuwçylary mugallymynyň bilmeýän zadynyň ýokdugyna ynanýar. Sebäbi olar öz aralarynda jedelli sowal ýüze çyksa-da, nähilidir bir zat bilen gyzyklansa-da, ýa bir zatdan netije çykaryp bilmese-de mugallymyndan soraýarlar. Onsoň mugallym jogap berer welin, «mugallym şeý diýdi» diýen jümle bilen şol jedelli mesele çözüler.
Il içinde hormat-sylag hökmünde mugallym käri salamyň hem-de adyň yzyna tirkelýär. «Salam, mugallym!» — bu jümle her birimiziň aňymyzda baky ýaşaýar. Sözlüklerde «mugallym» sözi «sowat, bilim berýän, okadýan adam» diýlip düşündirilýär. Ýöne bu kär şeýle kesgitlemeleriň çäginden has çuňluklara kök urýar.
Haçan-da bolsa bir wagt özüňize sowal berip gördüňizmi?! «Mugallym» diýen hormatly atdan başga haýsy hünärdäki adamyň adynyň yzyna onuň kärini aňladýan ady goşup ulandyňyz? Ýa-da bolmasa salamdan soň onuň kärini aýtdyňyz? Belki-de, aýdýansyňyzam, ýöne bu halk köpçüliginde ýörgünli däldir.
Mugallyma goýulýan hormat, sarpa Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda şeýle beýan edilýär: «...Gürrüňçiligiň ahyrynda bu ýaşulularyň näme maksat bilen bu gapa gelendikleri, olary nämäniň ynjalykdan gaçyrýandygy aýan boldy.
— Berdimuhamet, oglum, megerem, seniňem habaryň bardyr. Bizem bütin oba bolup täze, ýagty mekdep gurduk. Biz hut seniň özüň ilkinji bolup şol mekdebiň işiginden girersiň we oba çagalarymyzy okadyp başlarsyň diýip ynam bilen ýoluňa garap oturandyrys...».
Halk köpçüliginiň mugallyma garaşmagy, ony hormatlamagy, gymmatyny bilmegi bu eserde töwerekleýin çeper görnüşde beýan edilýär. Sowat öwreden ynsany hormatlamak, sylamak ata-babalarymyzdan şu günki günlere çenli dowam edip gelýär. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen mugallymlara aýratyn sarpa goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine, iş mümkinçiliklerine oňyn şertler döredilýär. Her ýylda «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň geçirilmegi, «Türkmenistanyň ussat mugallymy» adynyň dakylmagy bilim ulgamynyň işgärlerine döredilýän giň mümkinçilikleri ýene bir ýola doly derejede äşgär edýär.
Adamlaryň ählisine zerur bolan mugallym hakyndaky bu ýazgymyzy biz şeýle setirler bilen tamamlamagy makul bildik:
Mugallym, mugallym gör, ne gözel at,
Senden ylham alýar bütin adamzat!
Halkymyzyň her bir wekiliniň ýaşaýyş-durmuş, zähmet we dynç alyş şertleriniň döwrebap derejede bolmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Garahanjar BAÝHANOW.
"Watan" gazeti, 22.08.2023