21.08.2023 Gollanma171 .

Ýollaryň başlangyjy


Ähli ýollar şu ýerden başlanýar. Mekdep durmuşy — durmuş mekdebine taýýarlyk. Ak mekdep mähriban ene deý balalaryny bagryna basýar. Bilimden ýüküni tutan ýaşlar ata Watanyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Mekdebiň mähri, mugallymyň yhlasy we zähmeti ynsanyň bagtly durmuşyny döredýär. Adam duz iýen ojagyna wepaly bolşy ýaly, bilim alan ojagyna hem ömürbaky bergidardyr. Çünki ak mekdep biziň ikinji mukaddes öýümizdir.

Dana pederlerimiz: «Öý-ojak — zyýarathana» diýipdir. Mukaddes ýerlere zyýarat etmek bagtly durmuşyň badalgasy, işleriň şowly bolmagynyň gönezligidir. Perzentlerini uzaklara ugradan enäniň gözüniň ýolda galyşy ýaly, mekdebem öz uçurymlarynyň ýeňiş bilen dolanjak bagtly günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hawa, mekdep öz perzentleriniň alnyndan ak Gün bolup dogaryna garaşýar. Bir çaganyň kemally perzent bolup ýetişmegi üçin ençeme adamlaryň zähmeti, irginsiz yhlasy siňýär. Beýleki kärlerden tapawutlylykda, mugallymçylyk kärinde öz zähmetiň miwesini görmek üçin juda kän, pesinden 10 — 15 ýyl garaşmaly bolýar. Megerem, bu mukaddes käriň hasylyny durmuş öz paýhas eleginde eläp, ýürek ýagyna eýläp, onsoň eýesine gaýtaryp berýän bolsa gerek. Uzak ýyllaryň zähmetiniň rehnete gowuşmagy bolsa ynsan durmuşyna many çaýýan arzyly pursatlaryň biridir.

Mugallymyň zähmetini hiç zat bilen ölçäp bolmaýar. Ynsan geljegini binýat edýän mugallymyň ýürek mährine baha kesmek çetin. Arzyly käriň hakyky eýesi bolmak her kese miýesser edenok. Çünki bu käriň önümi başgaça. Daýhan ýerden, çopan maldan, ussa agaçdan ýa demirden önüm alsa, mugallym adam ýetişdirýär, ýagny geljegiň eýesi boljak ýaş nesli terbiýeleýär. Geljegi baýlyk bilen däl-de, aň-paýhas we mähir-söýgi bilen binýat edip bolýar. «Ýüregiň nirede bolsa, hazyna-da şol ýerdedir» diýen bir söz bar. Ýürek bolsa hemişe mähribanlyk küýseýär. Mähribanlaryň ýaşaýan ýeri gözüňe yssy görünýär. Ak mekdebe, bilim beren mähriban mugallymlaryňa salama barmak mukaddes ýerlere zyýarat eden bilen deňdir. Adamlaryň durmuşdan gözleýän hazynasynyň açaryny, megerem, bilim ojagy öz goýnunda saklap oturan bolsa gerek.

Goja Eflatunyň bir aýdan sözi bar: «Haýsy kenardan ugrasaň, ýene şol kenara gaýdyp gelersiň». Hawa, ýollar ak mekdepden gözbaş aldy, ugrukmak we dowam tapmak hem ýene bu mukaddes ojaga bagly bolmaly. Islendik käriň eýesi bolanlaryň ählisi hem öz ýoluna mugallymyň öňünde, mekdep partasyndan başlandyr. Şonuň üçinem, mekdebiň mertebesi hemişe belentdir, bu geljekde hem şeýle bolar. Munuň şeýledigine ata Watanymyzda has hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Bu aýdylanlar mekdebe «ýollaryň başlangyjy» diýmäge esas berýär.

Ynha, hä diýmän, ýene güýz geler. Bagtyýar çagalar ak mekdebiň goýnuna dolar, olaryň gülki sesleri göge galar. Bahara bäs edýän bu günler mekdep ýyllarynyň ýatlamalaryna öwrülip, hakydamyzda ýer eder. Mähriban mugallymlaryň güler ýüzleri, hoş sözleri ömürboýy kalbymyzy ýyladar, ýaşaýşa söýgi döreder.

Gözel Diýarymyzyň ähli bilim ojaklary täze möwsümiň bosagasynda dur. Bu mukaddes ýere ilkinji gezek gadam basjak körpeler üçin-hä şeýle arzyly pursadyň belli bahasy ýok. Olar üçin täze bir dünýä başlanýar. Durmuş ýoly mekdebiň dergähinden gözbaş alýar. Mugallymyň huzurynda ömür saparynyň ak patasy alynýar. Ýollar ak, gadamlar batly bolsun!

Şu günler haýsy ýana baksaň, mekdep bazarlaryna gözüň düşýär, mekdep okuwçysyna niýetlenen harytlary synlanyňda, okuwa höwesli, hemişe yhlasly şol oglanjyk hakydamda janlanýar. Ol täze geýimlerini geýip, depderdir galamlaryny alyp, ak mekdebine ädim-ädim golaýlaýar. Oglan bilim ojagyna — bagtly günleriň gujagyna barýar:

Barýaryn öňe, mekdep,
Ýol açdyň maňa, mekdep!
Bütin geljegim üçin
minnetdar saňa, mekdep!

Kitap berdiň goluma,
Aýdym berdiň dilime.
Ýene öňe gitmäge
ýagty saçdyň ýoluma!

Ömrüň bagtyýar günleri, ýeňişli ýollary, gör, nireden gözbaş alypdyr. Uly ýoluň ilkinji ädimleri şu ýerden başlandy. Biz seniň perzendiň, eziz mekdebim!

Süleýman HANGELDIÝEW.
«Türkmenistan».

"Türkmenistan" gazeti, 21.08.2023

Tmpedagog