Söz manysy
Däsir
Ata-babalarymyz durmuşda dürli ölçeg birliklerini ulanypdyrlar. Däsir hem şolaryň biri. Ol bir batmanyň dörtden birine barabardyr. Has takyk aýdylanda, ol 5 kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi.
Eden
— «Edende tapsaň, töre geçme» diýen bir nakyl bar welin, şol nakyldaky «edende» sözüne düşünmedim — diýip, märekede oturan ýaş ýigit oba mugallymyna ýüzlendi.
— Söhbet jan, ol «eden» sözünden — diýip, mugallym düşündirmäge durdy. — Öýüň işigine, gapysyna golaý ýere eden diýilýär. Bu söz indi seýrek ulanylandygy üçin könelişen sözleriň hataryna girdi.
Balaman
Tal agajyndan içi köwlüp ýasalan gaba okara diýilýär. Okaradan uluragyna tabak, tabakdan ula kersen, kersenden ula balaman diýilýär. Balamanda, kersende hamyr edilýär. Wagtyň geçmegi bilen olar çyzylýar. Ökde ussalar ony galaýy kakyp çüýläp, ýamaýarlar. Şol ýama çeňk diýlip atlandyrylýar.
Lahat
Merhum jaýlananda iki jaý gazýarlar. Oňa daşky we içki jaý diýip at berýärler. Merhumy içki jaýda ýerleýärler. Oňa ir döwürlerde lahat diýer ekenler. Magtymguly atamyzda şeýle setirler bar.
Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,
Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.
Käbir ýerlerde içki jaýy gazmak mümkin bolmandyr. Onsoň daşky jaýyň ortasyny gazyp öý edipdirler.
Boýra
Ata-babalarymyz ýaşaýan ýerine we mümkinçiliklerine görä, dürli düşekleri ulanypdyrlar. Boýra hem pederlerimiziň ulanan düşekleriniň biridir. Ol ýeken ösümliginiň uzyn ýasy ýapragyndan örülip taýýarlanypdyr. Daşarda, meýdan ýerinde bu düşek ýazylanda ýerden çyg çekmändir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Boýra düşegimi aldy astymdan» diýip belläp geçipdir.
Akynýaz AKMUHAMMEDOW,
Tagtabazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Garagum" žurnaly, 03.08.2023