18.08.2023 Gollanma187 .

Internet barada näme bilýäris? («Metaverse»)


«Metaverse» näme? Bu soragyň jogaby soňky döwürler «iň gözlenýänleriň» arasynda ýer aldy. Bu söz ilkinji gezek ylmy fantastikada ulanylypdy. Eýsem, «Metaverse» näme manyny berýär?

Ol «meta» we «älem» sözleriniň birleşmesidir. Meýdan, binalar, awatarlar, hatda atlaryň alnyp-satylyp bilinýän, esasan, kripto pul birligi ulanylýan wirtual dünýäni aňladýar. Bu adalga iş gurallaryndan başlap, oýunlara we jemgyýetçilik platformalaryna çenli wirtual hakykatlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Täze platformalaryň köpüsi merkezleşdirilmedik sanly aktiwiň täze görnüşini döretmäge, eýeçilik etmäge we monetizasiýa etmäge mümkinçilik berýän kripto pul birligini we üýtgewsiz bellikleri ulanýan blok zynjyrly tehnologiýasy bilen üpjün edilýär.

Ulanyjylar häzirki wagtda internetde kompaniýalaryň, okuw, söwda merkezleriniň sahypalaryny açyp, ondan gerekli maglumatyny alýar. Geljekde internet ulgamy «Metavers»-iň içinde ýerleşdirilip, real dünýämiz üçin taryh bolup galar.

Häzirki wagtda käbir oýunlar monitora seredilip oýnalman, eýsem ýörite gözlük arkaly oýnuň içine girip oýnamak mümkinçiligi bar. «Metavers»-de bolsa diňe oýun däl-de, hakyky durmuş bilen parallel ýaşaýyş älemi döräp biler. Bu älemiň hakyky durmuşdan tapawutly ýeri, ol ýerde özüne mahsus kripto pul birligini peýdalanyp, haryt alyp-satyp, konsertlere, muzeýlere, dürli çärelere, maslahatlara gatnaşyp bolar. Ýakynlaryň, dostlaryň bilen medeni dynç alyşlar, gezelençler gurnalar. Onda durmuşda ýetip bilmedik arzuwlaryňa ýetmek mümkinçiligi döräp, alyp bilmedik eşiklerimizi, ulagymyzy, enjamlary bu ýerde edinip bileris. Niýetlenen gözlük arkaly hakykatyň fantastik şekiline eýe bolarys.

Online sapaklar okuwçylaryň hyýaly şekilleri bilen geçiler. Ynsanlaryň hyýaly şekili hakyky keşbine eýe bolar. Şonuň üçinem mugallym we okuwçylar özüni hakyky sapakda ýaly duýar. Mugallym okuwçylaryň arasynda gezim edip, täze temany düşündirip, okuwçylaryň ýerine ýetirýän ýumuşlaryna gözegçilik edip biler. Okuwçylar bolsa sapagy doly manyda seredip, öwrenip bilerler. Häzirki wagtda kompaniýalar eýýäm amala aşmaga başlan bu taslama üçin uly maýa goýumlaryny goýýarlar.

Döwranguly ANNAGULYÝEW,
Balkanabat şäheriniň Magtymguly adyndaky
daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 15.11.2021

Tmpedagog