Söz manysy (Desmaýa)
«Halk — hazyna» diýleni. Onuň dil, söz baýlygyny öwrenip, ýygnap aňyrsyna çykar ýaly däl. Näçe içgin aralaşdygyňça, ol şonça-da çuňlaşyp, durlanyp, älem giňişligine eýe bolup barýar. Sebäbi ol tutuş halkyň gyzylyň gyryndysy ýaly edip, döwürleriň hem eýýamlaryň dowamynda toplan ruhy baýlygy. Hut şulary göz öňünde tutup, türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyz şeýle diýýär: «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr».
«Desmaýa» sözi hem indi uzak eýýamlardan bäri halkyň janly gepleşik dilinde we ýazuwly edebiýatynda işjeň ulanylyp gelinýän aňlatmalaryň biridir. Bu sözüň asyl köki «dest» hem «maýa» diýen iki düşünjeden ybarat bolup, olar basym taýdan birleşip, «desmaýa» diýen täze özboluşly manyny emele getiripdir. Ikinji çekimlisi uzyn aýdylýan bu söze «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» şeýle düşündiriş berlipdir: «Bar bolan mal, mülk, emläk, baýlyk, döwlet, toplanan maýa».
Ýeri gelende «el, gol» diýen manyny aňladýan «dest» sözüniň gelip çykyşy boýunça parslara degişli hem bolsa, dilimize ymykly ornaşyp galandygyny aýtmak gerek. Halk aýdymlarynyň birinde: «Destimi uzadyp sonamy tutam» diýilýändir. «Maýa» sözi bolsa köpöwüşginli mana eýe bolup, şolaryň biri «köpelmek üçin goýulýan gor, tygşytlanan pul, emläk, baýlyk» diýen düşünjeleri aňladýar.
Halk döredijiliginiň dürli ugurlaryna ornaşyp galan bu söze «Paýhas çeşmesinde» şeýle görnüşde duşýarys: «Akyl ýigide desmaýa, akylsyzyň ömri zaýa». «Görogly» eposynyň «Öwez getiren» şahasynda bu söz şeýle görnüşde ulanylypdyr: «Desmaýasy halal gassap islärin». Dilimizdäki sözleriň many aňladyjylyk ukyby, köpöwüşginliligi öwrendigiňçe çuňlaşyp, ýaýrawy giňäp gidip otyr.
Bally SEÝITBERDIÝEW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.08.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm