16.08.2023 Gollanma99 .

Türkmen tebigatynyň gözelligi


Türkmen tebigaty özüniň özboluşly gözelligi, ajaýyp haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Halkymyzda asyrlarboýy ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşilip, ony goramak ýörelgeleri nesillerden nesillere geçirilip gelnipdir. Tebigata bolan söýgi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda her ýyl ýaz we güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda dürli agaçlar ekilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelge netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga beslenip, mähriban Diýarymyzyň çägindäki tokaý zolaklary artýar. Bu bolsa haýwanat we ösümlik dünýäsiniň has-da baýamagyna getirýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşler hem bardyr.

Ata Watanymyzda seýrek duş gelýän haýwanat wekillerine has-da aýawly çemeleşilýär, olaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy babatynda degişli işler alnyp barylýar. Gözelligi bilen haýrana goýýan turaç hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşdur. Sülgünler maşgalasyna degişli bolan turaç güneşli Diýarymyzyň Etrek, Sumbar, Çendir derýalarynyň boýlarynda we aşaky akymlarynda duş gelýär. Bu guşlar, esasan-da, ter ýaprakdyr inçe baldak, miwe tohumlary, däne hem-de mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Onuň iýmit gözleginde ençeme ýol geçmäge ukyplydygy bellärliklidir. Turaçlar suwa mätäç bolansoňlar, köplenç suwuň bar ýerinde, ýagny derýa boýundaky baglyklarda, ösgün jeňňelliklerde hem-de gamyşlykda, suwarymly meýdanlaryň, üzümçilikleriň golaýynda höwürtge gurýarlar. Ekin meýdanlarynyň ulalmagy bilen guşlaryň ýaşaýyş şertleri-de üýtgeýär.

Turaçlar öz maşgalasynyň wekillerinden köpöwüşginliligi, çalasynlygy bilen tapawutlanýar. Adatça, asudalygy bozulmadyk halatynda, guş seýrek uçýar. Ýöne howp abanan halatynda ol örän çalt herekete geçýär. Gaty ylgaýar, gerek bolan halatynda ganatlaryny tiz-tizden galgadyp, basym uçýar. Guşuň çalasynlygy synçy ata-babalarymyzyň nazaryndan sypmandyr. Türkmen halk nakyllarynyň arasynda bu guş barada «Uçmaga turaç ökde, gaçmaga — keýik» ýaly nakyl hem bardyr. Turajyň esasy gaçybatalgasy gür otlukdyr gamyşlyk hem-de gyrymsy agaçlaryň gür ýaprakly şahalarynyň arasydyr.

Turaç ýakymly ses bilen saýraýar. Ol rahat guşdur. Olar hemişe jübüt gezýärler, jüýjelerini bilelikde ulaldýarlar. Jüýjelerini goramak üçin mäkiýan bilen horaz ganatlaryny kakyp, ünsi özlerine çekýärler, olary halas edýärler, howpdan gutarýarlar. Turaçlar örän ynanjaň guş bolansoňlar, goraghanalarda olar arkaýyn hereket edýärler. Türkmenistanda turaç Hazar goraghanasynyň Esenguly meýdançasynda hem-de Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar.

Jahan ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 15.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog