Çykyş etmek sungaty (Şowly çykyş etmegiň usullary) Dünýä belli oratorlaryň eserlerine salgylanyp...
Ýygnaklarda, dürli resmi we resmi däl halatlarda halkyň öňüne çykyp geplemeli bolnanda aljyrap, özüni ýitirýänlere köp gabat gelinýär. «Iliň öňünde çykyş etmeli bolsam duran ýerimdä» diýip, ruhdan düşüp ýörenlerem az däl. Tersine, käbirleri bolsa toý-baýramlarda söz sözlemäge höwesek.
Käbir adamlar köp okap, köp öwrenip, köp bilýän-de bolsalar, märekede arkaýyn, aljyraman çykyş edip bilmeýärler. Aljyraman gürleselerem gyzykly, täsirli, özüne çekiji edip, diňledip bilmeýärler. Halaýykda yzygiderli köpüň öňünde çykyş etmäge uýgunlaşan, emma has kämilleşmedik ynsanlar-da bar. Şeýle adamlar sähel wagt çykyş etdikleri diňleýjileri irizmek bilen bolýarlar.
Dogrudanam, köpçülikde şowly, täsirli çykyş etmek şeýle kynmyka?!
Islendik adam köpçülige, iliň öňüne ýaýdanman çykyp, täsirli gürlemegi öwrenip biler
Geliň, dünýäniň iň meşhur suhangöýleriniň — oratorlarynyň ýörelgesi, pikirleri esasynda bu meseläniň üstünde giňişleýin duralyň...
Biz iki meseläniň üstünde durmaly. Birinji mesele, iliň öňüne çykyp, aljyraman, özüňi ýitirmän, arkaýyn aýtjak zadyňy aýdyp bilmekligi öwrenmek. Ikinji mesele gyzykly, täsirli, manyly, ezberlik bilen çykyş etmek.
Käbir adamlar birinji meselede asla agsanoklar, sebäbi olar köpçülikden gatybir ýaýdanyp durmaýarlar. Onda-da ilki birinji meseläniň üstünde azrak duralyň...
Ilki bilen, «Men başarman» diýen düşünjäni ýok etmeli, ol düşünjäniň, ol pikiriň aňyňda berk oturmagy bize örän päsgel berýär, has dogrusy, çykyş etmegi öwrenmeklige girişmäge rugsat bermeýär, çykyş etmäge bolan gorkyny güýçlendirýär.
Onda näme etmeli? Böwediň sähelçe suw geçirip başlamagy ýuwaş-ýuwaşdan onuň doly böwsülmegine getirer. Çykyş etmekligi öwrenmek üçin, sähelçe bolsa-da, täzelik, üýtgeşiklik, öňegidişlik gazanjak bolmaly, köp gaýrat etmeli. Işi esasy — başlamak we özgermek.
Çykyş etmegi nädip öwrenmeli?
Ilki-ilkiler ýeke wagtyň aýna seredip, 3-5 minut gepläp görmeli, özem 50-60 adamyň ýa-da toýa gelen märekäniň öňünde çykyş edip durandygyňy göz öňüňe getirip, bir meseläni düşündirmeli. Ýatdan aýtmaly. Kem-kemden wagty uzaltman, meseläni has giňişleýin düşündirjek bolmaly.
«Göz gorkak, el batyr» diýen nakyldaky ýaly, durmuşda kynçylyk ýok-da, ejizlik bar. Yhlasly ýapyşylan her bir iş wysal bolýandyr. Adam özündäki gorky-ürkini ýok edip, dogumly öňe bir ädim ätse, sähel wagtdan ol özünde şeýle ajaýyp ukybyň bardygyna göz ýetirer, özüne ynamy artyp begener, kalbyny ýakymly duýgular gaplar we ýene-ýene çykyş edesi, gepläsi geler.
Diňe aýna seredip gepläp görmek esasy taýynlygyň biri, ýöne ol ýeterlik däl. Sesiňi ýazdyryp, soňam diňläp görmeli. Hatda ol kiçiräk çykyş bolsa-da, ýüzleý garaman ykjam taýynlanmaly.
Çykyşyňyz birnäçe tomaşaçylaryň size berjek netijesidir
Taýynlyk çykyşyň esasyny düzýär. «Men aýtjak zatlaryma oňat taýynlandym» ýa-da «Aý, bu mesele boýunça islän wagtym, islän ýerimde-de çykyş edip bilerin» diýip arkaýynlaşmaly däl. Öň bilýän bolsaňam, serediljek tema boýunça bilim goruny edinmeli. Serediljek mesele boýunça özüňe berläýjek soraglary öwrenmeli. Seniň şowly, manyly, täsirli çykyşyň birnäçe adamy düýbünden gowy tarapa üýtgedip biler, adamda ýagty, ýagşy pikirleri oýaryp biler ýa-da tersine.
Çykyş etjeklere Deýl Karnegiden käbir maslahatlar:
1. Boş wagtyňyz oýlanar ýaly temany öňünden berk biliň.
2. Ony ýedi günläp pikir ediň, ýedi gijeläp aňyňyzda saklaň.
3. Tema barada maşgala agzalaryňyzyň pikirini biliň, öýde wagtal-wagtal şol tema hakda gürrüň ediň.
4. Öz-özüňize şol tema boýunça diňleýjileri gyzyklandyrjak soraglary beriň.
5. Gysgarak çykyşda köp meselä garajak bolmaň. Temanyň bir ýa-da iki ugruny alyň we ony täsirli hem aýdyň düşündiriň.
Aslynda, türkmen halky irki döwürlerden bäri dilewarlyk, suhangöýlik sungatyna örän uly üns berip gelipdir. Şonuň esasynda hem halkymyzyň arasyndan dürli asyrlarda-da dilewar, suhangöý adamlar ýüze çykypdyr. Olaryň gürrüň beren wakalaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, şu günlere ýetiripdir. Dilewar — suhangöý adamyň gürrüňini diňlemegi, uly-kiçi gowy görýär.
Türkmen halkynda «Ýol kes» diýen aýtgy bar. Bu ýola ýoldaş bolan adamyňa, ýoldaşyňa aýdylýar. «Ýol kes» diýmeklik «Gyzykly, täsirli gürrüň edip otursana» diýmekligi aňladýar. gürrüň gyzykly, gerekli, manyly hem täsirli bolanda argynlyk bildirmän, uzak ýol hem golaý ýaly, «kesilen» ýaly görünýär.
Çykyşyň maksady
Çykyşyň maksady dürli-dürli bolup biler. Öňüňde duran maksadyňy anyk kesgitlemek örän wajypdyr. Sebäbi seniň bütin çykyşyň şol maksada tabyn bolmaly. Geliň, käbir bolup biläýjek maksatlary sanap geçeliň:
1. Bir meseläni düşündirmek.
2. Täsir galdyrmak we ynandyrmak.
3. Işjeňligi gazanmak.
4. Wagty hoş geçirmek we ş. m.
Çykyşyň özeni
Islendik çykyş sadaja üç bolümden durýar:
1. Giriş.
2. Esasy bölüm.
3. Jemleýji bölüm.
Çykyş etmek, umuman, çylşyrymly, üýtgeşik bir kyn zat däl. Onda näme üçin käbir çykyşlar diňledigiňçe lezzet berýär, käbiri bolsa derrew irizýär. Çykyşa gowy taýynlanmasaň, möhüm mesele barada gürrüň gozgamasaň, onda seniň çykyşyň şowly, täsirli, gyzykly bolup bilmez.
Çykyşa taýynlyk nähili bolmaly?
Gowy taýýarlanan çykyş — bu edilen çykyşyň ondan dokuz bölegidir. (Deýl Karnegi.)
1. Çykyş etjek temaňy berk bilmeli. Çigräk görýän ýerleriň bar bolsa, bilýänlerden sorap öwrenmeli. Özüňçe meseläniň iň wajyp ugruny bilmeli we şony tema edinmeli.
2. Çykyş etjek temaňy berk bileniňden soň, kimleriň öňünde çykyş edýäniňem bilmeli. Sebäbi uly ýaşly adamlaryň öňünde birhili, ýaşlaryň, ýetginjekleriň öňünde başga hili, diňe zenanlar bolsa ýene başga hili, eger diňe erkekleriň öňünde çykyş etmeli bolsa düýbünden üýtgeşik, umuman, kimiň öňünde çykyş etmelidigiňe görä, taýynlygyň bolmaly. Hatda diňleýjileriň hünärleri boýunça-da çykyş dürli-dürli bolup biler. Meselem, sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça lukmanlaryň öňündäki etmeli çykyşyňdaky temaň bilen başga kärde zähmet çekýän hünärmenleriň öňünde wagyz etmeklik gelşiksizräk.
3. Çykyş etjek temaň boýunça okan kitaplaryňdan, nakyllardan, belli adamlaryň garaýyşlaryndan jümleleri toplamaly, öwrenmeli. Tema boýunça dürli gerekli pikirleri, täsirli sözleri ýygnamaly. Seniň çykyşyň mydama islegli bolmagyny gazanasyň gelýän bolsa, mydama ünsli we gözlegde bol. Döwrüň esasy ýörgünli temalary boýunça gyzykly, täsirli gürrüňleri, nakyllary, aýtgylary, täze pikirleri ýygnamagy, ýandepderçäňe bellemegi öz endigiňe öwür. Olary temalar boýunça bölüşdir. Mümkingadar elektron görnüşde saklap bilseň has hem gowy. Çykyş etmeli bolaňda temalar boýunça ýygnanlaryňa göz gezdir.
4. «Indi bolaýdy» diýeňsoňam etjek çykyşyňy ýene bir gezek hyýalyňda gysgajyk gaýtalap gör. Çykyşyň meýilnamasyny düz. Bu zatlar kyn däl. Ilkibada kyn ýaly görünse-de, soňabaka bu ýönekeý bir zat ýaly bolup galýar.
Deýl Karnegi: Ýüz sany pikir alyň we onuň togsan sanysyny taşlaň!
Çykyş doly «çogup çykmalydyr, bişmelidir!»
• Ýarym sagadyň içinde çykyşa taýýarlanjak bolmaň.
• Meselem, hepdäniň başynda taýýarlanmaga berlen tema şol hepdäniň ahyryna çenli, tä çykyş etmeli minudyňyza deňiç gije-gündiz ýadyňyzdan çykman seriňizde «bişirilmeli».
• Dost-ýarlaryňyz bilen temany maslahatlaşyň. Ony gürrüňiňize esas ediniň.
Gowy oratoryň dört düzgüni
1. Öz maksadyňyza ýetmek üçin çykyşa örän ynamly we erjel başlamaly.
2. Çykyşa gowy taýýarlanyň. Näme aýtjagyňyzy berk bilmeli.
3. Özüňizi örän ynamly duýuň.
4. Tejribe ediň! Tejribe ediň! Tejribe ediň!
Käwagt özüň däl-de, başga biri ýaly çykyş edip görmeli, çykyş ediş täriňi, stiliňi üýtgedip görmeli. Belki, seniň çykyşyň düýbünden başga bir gowy görnüşe geçer, gowy çykyşa öwrüler. Ýöne köp okamaly.
Her bir adamda «basyrylgy» zehin bar, çaýa atylan şekeri bulamasaň, tagamynyň has süýji bolmaýşy ýaly, öz zehinimizi çynlakaý barlap görmän derrew ruhdan düşýäris.
Bir tema, düzediljek bolunýan bir mesele boýunça şowsuz çykyş etmek, şol mesele boýunça çykyş etmezlikden erbet hem zyýanly bolup biler.
Çykyşa nähili başlamaly?
1. Çykyşyň başlangyjy örän kyn hem iň bir wajyp ýeridir. Sebäbi çykyşa başlanyňda diňleýjileriň ünsi ýiti bolup, aňy çalt alýar we olara täsir etmek ýeňil bolýar. «Başlasam alyp çykaryn-la, bir zady bolar-la» diýip tarp ýerden başlasaň örän kyn ýagdaýa düşmegiň ahmal. Çykyşyň başlangyjyna ilik-düwme taýýarlanmaly. Olar seni synlaýarlar. Başda diňleýjileriň ynamlaryna girip, ünslerini özüňe çekip bilseň, onda seniň çykyşyň gyzykly çykyşlaryň birine öwrülip biler. Ünsi çekmegiň käbir usullary barada aýratyn durup geçeris. Hiç wagt «wagtyňyzy aljak däl» diýip başlamaň.
2. Çykyşy aýratyn tertipli başlajak bolmaň. Pugta taýýarlyk göreniňizi bildirjek bolmaň. Çykyş tebigy, adaty we erkin görünmeli.
3. Giriş gysga bolup, ol bir ýa-da iki sözlemden durmaly. Çykyşy giriş sözsüz başlasaň hem bolýar.
4. Çykyşyň başynda diňleýjilerde ýakymly duýgular döretjek bolmaly.
Oturanlaryň ünsüni nädip çekmeli?
1. Diňleýjilerde tema barada gyzyklanma oýarmaly.
2. Durmuşda bolýan gyzykly gysgajyk wakany gürrüň bermeli.
3. Sorag bermeli.
4. Eliňe nähilidir bir zat alyp, ünslerini çekmeli.
5. Üýtgeşik gowy pikir, iki setir goşgy ýa-da nakyl bilen başlamaly.
6. Aňk edýän faktlardan başlamaly.
7. Tema degişli takyk bir delil bilen başlamaly.
8. Çykyşyň temasynyň diňleýjileriň durmuşy üçin örän wajypdygyny görkezmeli.
Şowly çykyş etmegiň syrlary
1. Çykyşyň şowly bolmagy üçin seniň özüň köpçülikde abraýly adam bolmaly.
Belli, abraýly şahsyýet bolmasaň hem, ýamanlykda ady çykýan adam bolmaly däl. Iliň gözünden düşen adamy halkyň diňläsi gelmez.
2. Daşky keşbiňe seretmeli.
Daşky keşbiň, egin-eşigiň özüňe gelşip duran hemem arassaja bolmaly. Çykyş edeniňde göze ilginç ýa-da gözden çykgynç geýnilen bolmaly däl-de, milli lybasly bolnanda märeke seni salyhatly adam hökmünde kabul eder. Ýüzüň açyk bolup, diňleýjileriň öňünde çykyş edýäniň üçin bagtyýarlygyňy mälim etmeli.
3. Wagyz-nesihat edeniňde gozgalýan meselä özüňi hem goşmaly.
Mysal üçin, «Käwagt biz şeýdýäris», «Geliň, indi şeýdeliň» diýip, özüňem goşmaly. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy şowly çykyş etmegiň talabyna doly gabat gelýär. Üns beriň — 4-nji topbagy jemlenende «Saklanalyň, adamlar!» diýip, Gahryman Arkadagymyz özünem goşýan ýaly edip çagyryş edýär. 3-nji topbagynda «Öz döredýän kynçylygymyz», 4-nji topbakda «Biz hemişe arzuw edýäs», 5-nji topbakda «Ýalňyşlary düzedeliň», «Sylalyň birek-biregi», «Ýamanlykdan ýüz öwreliň» diýen çagyryşlary dünýä oratorlarynyň iň köp ulanýan esasy usullaryna doly gabat gelýär. Şeýle çagyryşlar adamlara gowy täsir edip, wagyz-nesihatlary ýerine düşýär.
4. Çykyş edeniňde özüňi sahnada erkin alyp barmaly, ýöwsellemeli däl.
Deýl Karnegide «Diňleýjileri alan karzlarynyň möhletini ýene biraz yza süýşürmegi haýyş edip gelen bergidarlaryň diýip hasap et» diýen sözler bar.
5. Üm-yşaratlary ulanmaly.
Beýle diýildigi elleriňi az-kem hereketlendirip geplemeli. Ýöne şol bir üm-yşaratlary gaýtalap durmak, onuň ýasamadygyny görkezýär, üm-yşaratlar ýürekden bolmaly, hiç hili artykmaç görünmeli däl. Aýdýan zadyň bilen ýüz keşbiň gabat gelmeli. Eger biri çykyşynda ajaýyp wakalary gürrüň berýän mahaly ýüzünde gamgyn aladaly adamyň keşbi bar bolsa näme hakda pikir edip bolar:
1) Aljyraýar;
2) Aýdýan zadyna özi ynanmaýar;
3) Aýdýan temasyna göwni ýetmeýär;
4) Diňleýjilere göwni ýetmeýär.
6. Auditoriýa bilen ýakynlyk.
Tomaşaçylaryňa çykyşyňy diňleýändikleri üçin hoşaldygyňy bildirmeli. Seniň çykyşyň olaryň alyp barýan işinde möhümdigini we olara wagt tapyp gelendikleri üçin minnetdarlygyňy mälim etmeli. Gerek bolsa olaryň işlerine degişli ýa olaryň özleri barada öwgüli sözleri aýtmaly, akyldarlaryň sözüni getirmeli ýa-da nakyllary ulanmaly.
7. Çykyşa tebigylyk berýän tilsimleri ulanmaly:
1) Wajyp sözleri heçjikläp aýdyň.
2) Çykyşyň tempini üýtgedip duruň. Çalt-çalt geplemek bilen haýal, howlukman geplemegi çalşyp durmaly.
3) Sesiňiziň tonuny çalşyp duruň hem-de käwagt ýuwaşrak, käwagt gatyrak gürläň.
4) Wajyp pikirlerden öň we soň dyngy (паузa) beriň.
Esasy mesele siziň näme aýdýanlygyňyzda däl-de, esasy mesele siziň nähili aýdýanlygyňyzdadyr! (Deýl Karnegi.)
• Düşnükli bolmak kyndyr, ýöne örän wajypdyr.
• Size kimdir biri sorag beripdir we sizem oňa jogap berýän diýip göz öňüne getiriň. Daşyňyzdanam «Siz şeýle sorag bermegiňiz ahmal… Men muňa şeýleräk jogap bererdim…» diýen ýaly sözleri aýdyň. Şeýle sözler çykyşy has ynandyryjylykly edýär.
• Öz çykyşyňyza ýüregiňizi beriň. Janyň bilen tüýs ýürekden çykyş etmek dünýädäki iň gowy usullardan hem has oňat peýda berer.
• Esasy pikirleriňizi gaýtalaň, ýöne şol bir sözleri ulanmaň. Içki howsalaňyzy diňleýjilere aňdyrmaň.
Eşitdirjek bolmaň, diňletjek boluň!
Hakykatdanam, käbiri öňe çykanda örän gaty ses bilen gürleýär. Belki, şeýtseler ýürekden gepleýän ýaly görünýändirin öýdýärler. Gaty gygyryp diýen ýaly birsydyrgyn geplemekligi az wagtlyk — 5-10 minutlyk çagyryşda we şuňa meňzeş ýagdaýlarda ulanyp bolar. Beýleki çykyşlarda hem ulanyp bolar. Arasynda gaty geplemeklik meşhur oratorlaryň esasy ulanýan usuly. Ýöne diňleýjileriň ünsüni «eliňe alanyňdan» soň çykyşyň iň gyzykly ýerine ýetip barýarkaň, sesiňi biraz peseltseň, has gyzykly ýerini has haýal — pes ses bilen aýtsaň, diňleýjiler ünsüni ýene güýçlendirýärler.
Çykyşy nähili tamamlamaly?
• Çykyşyň ahyry hem başy ýaly iň wajyp ýeridir. Şol wagt aýdylanlary diňleýjiler, köplenç, uzak wagt ýatda saklaýarlar.
• Çykyşyňyzy «Ine, meniň size aýtjak bolan zatlarym. Şunuň bilenem men çykyşymy tamamlaýsam diýýärin.» diýen ýaly sözler bilen tamamlamaň. Tamamlaň, ýöne tamamlaýandygyňyzy aýtmaň.
• Çykyşyň ahyryna hem öňünden jikme-jik taýýarlanyň. Oňa taýynlyk görüň. Çykyşyňyzy nähili tamamlajak bolýanlygyňyzy tas sözme-söz biliň.
• Öz çykyşyňyzy morta soňlamaň ýa-da bölünen görnüşde tamamlamaň. Tamamlamak, umuman, her dürli bolup biler. Çykyşy başlamak hem tamamlamak seredilýän meselä görä üýtgäp biler.
Jemlemäniň görnüşleri
1. Herekete çagyrmaly.
2. Nakyllardan ýa-da meşhur şahsyýetlerden mysal getirmeli.
3. Kulminasiýa döretmeli.
4. Şahyrlardan ýerine düşjek setirleri aýtmaly.
5. Diňleýjiler hakda öwgüli sözleri aýtmaly.
6. Güldürmeli.
7. Çykyşyňyzyň esasy ýerlerini ýene bir gezek gysgaça gaýtalamaly.
«Söz ynsan güýjüniň serkerdebaşysy, söz bilen adamy öldürip bolýar, söz bilen polklary yzyňa düşürip bolýar». (Wladimir Maýakowskiý.)
Çykyşlardaky esasy ýalňyşlyklar:
«Wagtyňyzy kän aljak däl» diýip başlamak.
Aslynda, beýle diýildigi «meniň aýtjak zatlarym siziň gündelik işiňizden zerur däl» diýmekligi aňlatmaýarmy näme? Diňleýjiler şeýle sözlerden soň bada-bat siziň çykyşyňyzdan soňky işlerini pikirlenip başlamaklary mümkin. Onsoň olaryň ünsüni çekmek kyn bolar, çykyşyňyz maksadyna ýetmez.
Oturanlaryň keýpini alyp, igenip başlamak.
Şuny hiç hili ýagdaýda-da etmek bolmaýar. Çykyşyňyz diňe kemçilikler barada bolsa-da, başda gowy tarapdan başlamaly. Nähak göwne degmekden häzir bolmaly.
Birsydyrgyn, bir tempde hem dyngysyz geplemek.
Sözüňe dyngy bermek gerek. Diňleýän zatlaryny aňlaryna siňdirmäge diňleýjilere maý bermeli. Gerek ýerinde dyngy bermek islendik çykyşy bezeýär hem täsirliligini artdyrýar. Dyngysyz geplemek adamlary ýadadyp biler.
Gabat gelmezlik.
Aýdýan zadyň bilen ýüz keşbiň, özüňi alyp barşyň, sesiň tonunyň gabat gelmezligi.
Ötünç soramak.
Taýynlygyň tejribäň ussatlygyň pesligi sebäpli ötünç sorap, özüňi aşa kiçeltmek bolmaýar. Beýle ýagdaýda diňleýjileriň ynamyna girmek, ünsüni çekmek kyn bolar.
Ýüzüňi aşa agyr, tutuk saklamak. Çykyşda mydama ýüzüň açyk bolmaly. Diňleýjileriň öňünde çykyş edýändigiňe şatdygyňy bildirmeli.
Özüňi oturanlardan ýokary tutýan ýaly gürlemek. Bu — oňlanmaýan ýagdaý. Oturanlaryň seniň üçin wajypdyklaryny, aýdýan gürrüňleriň olaryň bähbidinedigini duýdurmaly.
Sözleri saýlamakdaky ýalňyşlyk. Adam ilki bilen eşidýän zadyny sözme-söz kabul edýär, şol sözler onda aýdýan zatlaryňyza ynam döretmeli. Şonuň üçinem haýsy pikiri berýändigiňize garamazdan owadan, täsirli sözleri, gelşikli jümleleri ulanjak boluň.
Degişmä orun ýoklugy. Çykyş edýän temaň mümkinçilik berse arasynda degişmeklik adamlarda ýakymly duýgy oýarýar we çykyşyň arasynda olar dynç alýan ýaly bolýarlar.
Hemme zady bilýän ýaly görünjek bolmak. Çykyş edýän temaňyz boýunça oturanlaryň içinde sizden köp bilýän adamlar hem kändir. Şu meselede-de seresap bolunsa gowy.
Aljyraýandygyňy, tolgunýandygyňy bildirmek. Hereketiňde, özüňi alyp barşyňda aljyraňňylyk, sakawlamaklyk ýa-da şuňa meňzeş başga-da birnäçe oňaýsyz delil bolsa, muny hem oturanlar duýsa, onda saňa biparh gararlar.
Käbir maslahatlar:
Çykyş edýän, çykyş etmekligi öwrenýän adamlaryň pikiri dury, arassa we asuda bolmaly. Köp okamaly. Haýsy tema degişli bolmagyna garamazdan, siziň gürrüňleriňiz diňleýjilere ezýet bermeli däldir, gaýta az-kem lezzet bermelidir, siz çykyş edýän mahalyňyz adamlar özüni oňaýsyz duýmaly däldirler. Çykyşyňyzdan soň olar özlerini başgaça has ösen pikirli we seredilen mesele boýunça çyndan, oýlanmaga ukyply bolmalydyrlar.
Seresap boluň, ýalňyş gürlemäň! Anyk bilmeýän zadyňyz boýunça kesgitli bir zat aýtmakdan häzir boluň! Siziň çykyşyňyzdan soň adamlar diňe gowulyk hakda pikir etmelidirler. Çyndan ýagşylyk edesi gelmelidir. Çykyşyňyz adamlarda gahar-gazap ýa-da nägilelik döretmeli däldir. Çykyşyňyz kemçilikler barada bolsa-da, lapykeçlik döretmeli däldir.
«Men, adatça, şeýle edýän», «Meniň atam şeýle diýýärdi», «Meniň kakam şeýle diýýärdi», «Meniň enem şeýle diýýärdi» ýa-da «Meniň ejem şeýle diýýärdi» diýip özüňi, özüňkileri görkezme edip gürlemegem adamlara ýaraman biler. Oňa derek nakyllardan getirmek gowy bolar. «Paýhas çeşmesi» kitabynyň 54-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Adam görki — akyl, söz görki — nakyl». Garalýan meselä degişli akyldarlaryň, belli şahsyýetleriň sözlerini getirseň, olaryň durmuşyndan mysal getirseň, manysyny sada dilde düşündirseň çykyşyň şowly bolar.
Ýer ýüzünde gaty kän owadan-owadan sazlar bar. Diňläniňde keýpiňi göterýän, göwnüňi heýjana getirýän, gamly wagtyň teselli berýän, hat-da tolgundyrýan sazlar-da bar. Bularyň hemmesi bary-ýogy ýedi sany notadan döreýär.
Bizde bolsa ulanmak üçin näçe söz bar?! Sözleri ýerinde goýup, ýerinde aýdyp, dogry tirkäp, gerekli tonunda üýtgedip durup, zerur äheňini berip çykyş edýänler adamlary güldüribem, agladybam biler.
Adatça, adam çykyş etmegi öwrenensoň munuň ýönekeýje zatdygyna göz ýetirýär, buýsançly, ýakymly duýgulary başdan geçirýär ýa-da köpçülikde çykyş edip, «ýüzi açylýar». «Gorkusyny ýeňendigi» üçin özünden göwni hoş bolýar. Köplenç, şondan soň kämilleşmegini, okamagyny, öwrenmegini bes edýärler. Köp zady başarýarkak az zada kaýyl bolmaklyk bizi ençeme gowulyklardan alyp galýar.
Käbir gysgaça maslahatlar:
Çykyşa başlamakaňyz el telefonlary öçürmegi haýyş ediň (ilki özüňiz öçüriň)!
Zal ýagty we arassa howaly bolsa gowy bolar.
Eger öň görmedik bolsaňyz birki gün öňünden çykyş etjek ýeriňize baryp görüň.
Ýylgyryň! Diňleýjileriňiziň öňünde çykyş edýändigiňiz üçin örän şatdygyňyzy bildiriň.
Eşigiňiz arassa we gelşikli bolsun.
Sesiňizi ýazdyryp, özüňiz diňläp görüň. Ony diňläp, çykyşyňyz hakda pikir edersiňiz, şeýle-de yzygiderligine üns berersiňiz we söz baýlygyňyzy artdyrarsyňyz.
Eşigiňizi, el-ýüzüňizi elleşdirmäň we şuňa meňzeş beýleki artykmaç hereketleri etmäň.
Eger ynamyňyz bolmasa, örän gysga gürläň!
«Az bolsun — uz bolsun!» 30 minut içgysgynç çykyşdan 3 minut şowly çykyş has gowudyr!
Täsirsiz uzak çykyş etmäge endik edenden iki minut manyly çykyş etmek siziň abraýňyzy arşa galdyrar. Iki-üç minut, soň dört, soňra bäş minutlyk örän ajaýyp çykyş etmäge endik ediniň!
Yhlas ediň — çykyşy äsgermezçilik etmäň!
Ýalňyş geplemäň! Çünki söz bilen büdränden aýak bilen büdräniň gowudyr!
Tolgunmaň — şu maslahatlara eýerseňiz, Siz hökman gowy çykyş edersiňiz!
Diňleýjilere seredeniňde, seni gowy diňleýändiklerini ýa-da tersinedigini bilip bolýar.
Sizi diňlemeýänlerini biläýseň, çykyşyňy syr bildirmän tamamlamak bilen bolmaly. Bu gezek çykyşyň şowly bolmandygyny öz ýanyňdan boýun almaly, kemçiligiň barada pikirlenmeli, diňleýjileriň içinde ýakyn adamlaryň bar bolsa, kemçiligiň nirededigini aýtmagyny haýyş etmeli we indiki çykyşyňa çenli ruhdan düşmän, kämilleşjek bolmaly.
Size şowly çykyşlary arzuw edýärin!
Hekimberdi ORAZBERDIÝEW,
TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy
«Dünýä edebiýaty» žurnaly, №4, 2022ý.