16.06.2023 Gollanma207 .

Halk tanslary — ynsan duýgularynyň hökmürowanlygy


Çirksiz söýgüden, gözleriň doýmaýan gözellikden, akylyňy haýran edýän näziklikden, bütin durkuňy gozgalaňa salýan şatlyk-begençden gözbaş alýan ynsan duýgularyna çäk ýok. Ol, bir görseň, bahar ýellerinden heýjana gelýän gyzyl güläleklerden gözügýän ýalydyr, bir seretseňem, çemenzarlygyň hoşboý ysyndan sermest bolup, gülleriň şohundan aýlawa düşen kebelek mysaly çyrpynar. Ýellerem, güllerem, kebelekdir onuň düşen tegelegem daşky we içki täsirlerden ýaňa bimardyr, bikarardyr, intizardyr. Tebigatyň geçirýän şeýle sapagyndan misil tutanyňda, ynsan oglunyň köňül duýgularyny, şatlyk-gaýgylaryny, bolup geçýän dürli özgertmeleri, täze habarlary el-aýaklarydyr ýüz-gözleriniň, hatda barmaklarynyň üsti bilen beýan edip bilýän tans sungaty gadym döwürlerde döräp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hiç bir terjimesiz, haýsy milletdigiňe garamazdan, içgin syn edip bilseň, hemmä düşnükli bolan sungatyň dili bu günki gün onlarça milletleriň agzybirliginiň, dostanalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, asudalygynyň we özara hormat-sylagynyň dili bolup, köňüllere ornaýar. Oňa halk tanslarynyň üsti bilen milli däp-dessurlaryny dünýä ýaýmak üçin dürli ýurtlardan Watanymyza gelen folklor toparlary mysal bolup biler. Biz hem «Nesiliň» okyjylaryna Hazar deňziniň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 13 — 16-njy iýun aralygynda geçirilýän halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşmaga gelen myhmanlarymyzyň milli tanslary barada gysgaça gürrüň bermegi makul bildik.

TÜRKMEN TANSY: OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN «KÜŞTDEPDI»
Dünýä tans öwrenijileriniň biri: «Halkyň gadymylygyna göz ýetirjek bolsaňyz, sungatyny synlaň. Ol diňe bir nesle däl-de, eýsem, ähli ýaşdaky tutuş millete mahsusdyr» diýýär. Türkmeniň ýerden ýörärinden başlap, gojalaryna çenli bir hörpden gopduryp, bir depim depdirýän «Küştdepdi» tansy şol jümläni ýatladýar. Halkymyzyň naýbaşy toýlary küştdepdisiz geçmeýär. Ýelgamak ýaly ýigitleriň, gazalyň owazyna heň goşup ýigdelen ýaşulularyň, maňlaýy alöýmeli ýyldyrym ýaly gyzlaryň küşt depişini synlap, gözleriň gözellikden ganmaýar. Olaryň ähli depimlerde bir owazdan göçmegi, gazalyň manysyna görä edýän hereketleri ata-babalarymyzyň nesil abatlygy, nebereleriniň asuda ösüp-örňemegi üçin Haka sygnan gudratly kelamlarydyr. Şol dogaýy dilegler bilen bagtyýar zamanamyza gelip ýeten türkmen halkynyň şan-şöhraty dünýä dolup, toýlary toýlara ulaşýar. Uly tutumlarda gazal çekilip, döwre guralyp, tans oýnalýar. Küştdepdiniň setirlerinden eriş-argaç bolup geçýän ýagşy arzuw-niýetler gazalçynyň dilinde asal-nabat bolup ýaňlanýar. Şeýlelikde, bu milli tansymyz dünýä ýurtlarynyň ykraryna mynasyp boldy. Halkara festiwallarda türkmeniň gadymy tansy bolan küşt depilýärkä, hiç bir milleti biparh goýmaýar. Şol sebäpli-de, 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda halkymyzyň «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu günki gün bu milli sungatymyz dünýä halklarynyň dostanalygynyň, agzybirliginiň, asudalygynyň çagyryşy bolup ýaňlanýar.

EÝRAN TANSLARY — RUHY GÜÝJÜŇ, IL AGZYBIRLIGINIŇ BEÝANY
Bu döwlet gadym döwürlerden bäri özboluşly sungaty we taryhy bilen dünýä medeniýetinde yz galdyryp gelýär. Halkyň milli däp-dessurlaryny, taryhy geçmişini ýüze çykarýan eýran tanslary milliligi bilen tapawutlanýar. Tanslaryň hereketleri ruhy güýjüň, goranyşyň we il agzybirliginiň beýanydyr. Umumy bir bitewüligi emele getirýän tans sungaty Eýranda esasy dört şahadan ybaratdyr. Ýerli aýratynlyklaryna görä, bu tanslar «Kaşkaý» tansy, «Kürt tansy», «Gylyçly tans», «Taýakly tans» diýen görnüşlere bölünýär. «Kaşkaý» tansynda esasy ýaglyk ulanylýar. «Kürt tansy» güýç-kuwwatlylygyň, çalasynlygyň nyşany bolsa, «Gylyçly tans» at üstüne çykyp, ýurdy goramagyň gadymy ýollary hakynda gürrüň berýär. Eginleri ak köýnekli, gara ýeňsizli, başlary ak selleli eýranly ýigitler ellerindäki goşa taýaklaryny çakyşdyryp, deň hereket edende, «asman mama» depregini kakyp, ýyldyrym çakýan ýaly bolýar. Bu tansyň üsti bilen halkyň ruhy güýjüniň oýanmagy, sussupesligiň aradan aýrylyp gitmegi, ýagşylygyň ýagyş kimin ýamanlygy ýuwmagy arzuw edilýär.

GAZAK TANSLARY MERDANALYGY WASP EDÝÄR
Gazak halk aýdym-sazlarynyň aglaba bölegini harby-gahrymançylyk temasy tutýar. Gopuz, dombra, dowul, dangyra, sabyzgy, tokyldak ýaly saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar toýlaryň bezegidir. «Žar-žar», «Koştasu», «Tanysu», «Toý bastar» ýaly toý aýdymlary häzirki wagtda-da uly söýgä mynasyp. «Gara ýorga», «aýy tansy», «düýe tansy», «gaz hatar», «towşan» we «bürgüt» ýaly tanslar gazak halkynyň çarwa durmuşy hakda gürrüň berýär. Gazak tanslaryny zenanlara garanyňda erkek adamlar has köp ýerine ýetirýär. Ýaýylyp ýatan gazak sähralary irki döwürlerden bäri Kabanbaý batyr, Olžaý batyr, Žanybek batyr ýaly milli gahrymanlaryň topragydyr. Watanyny we il-gününi ýürekden söýýän şahyrlardyr kompozitorlar hut şu merdanalaryň ady bilen baglanyşdyryp onlarça aýdymlary hem döredipdirler. Mahlasy, gazak halk tanslary ýaş nesillere milli gahrymançylygyň, zähmetsöýerligiň, belent ahlaklylygyň ýollaryny salgy berýär.

HINDISTAN — TANS SUNGATYNYŇ IŇ GADYMY OJAGY
Tans sungatynyň iň gadymy ojagy Hindistan hasaplanylýar. Hindi tanslary beýleki milletleriňkiden düýpgöter tapawutlydyr. Bu tanslarda her bir hereket, her bir bakyş aýratyn manyny aňladýar. XII asyrda döredilen «Abhinaýa Darpanam» atly resminamada her bir adamyň içki duýgusynyň, oturyp-turşunyň, böküşiniň, ýöreýşiniň aňladýan manysy barada doly durlup geçilýär. Mysal üçin, iki eliň biri-birinden ýapyşyp durmagy dostlugy alamatlandyrýar. Hindilerde diňe gözleriň üsti bilen düşündirilýän wakalar we rowaýatlar bar. Mysal üçin, «nritta» diýlip atlandyrylýan tansda ýerine ýetiriji goşarlarynyň we ökjeleriniň sazlaşygy esasynda tomaşaçylara bir şatlykly habary buşlaýar. «Nritýa» tansynda bolsa hereketler üýtgemän, belli bir sazlaşyga görä ýöremek, haýsydyr bir pursatda doňup galmak bilen bir waka gürrüň berilýär. 1947-nji ýylda Garaşsyzlygyny gazanandan soň ýurtda tans sungaty has hem gülläp ösüpdir. Häzirki döwürde hindi halkynda tans etmegiň esasy on görnüşi döwlet tarapyndan ykrar edilýär. Muňa seretmezden, ýaşalýan ýerlerine görä, tanslar «kathak», «manipuri», «odissi», «kuçipudi», «mohiniattam», «bharatnatýam», «kathakali» ýaly görnüşlere bölünýär. Beden näzikliginiň, ýürek tolgunmalarynyň beýany bolan milli tanslar hindi halkynyň baý mirasydyr. Şeýle ýakymly aýdym-sazlary bilen hindi filmleri hem dünýä meşhurdyr.

HYTAÝYŇ «AŽDARHA» TANSYNYŇ 2000 ÝAŞY BAR
Tutýan çägi taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Hytaý köpmilletli ýurtdur. Söwdanyň, ylym-bilimiň gadymy ojagy bolan Hytaýda medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň ösüşi has hem ýokarydyr. Halkyň milli mirasyna içgin aralaşanyňda, diňe bir köşk tanslarynyň birnäçe görnüşlere bölünýändigine göz ýetirýärsiň. Hytaýyň «Aždarha» tansynyň 2000 ýaşy bar. Bu tans oýnalanda, oňa onlarça adam gatnaşyp, aždarhanyň gäbini herekete getirýärler. Bu tans milli baýramçylyklaryň bezegi bolup, her pasla görä lybaslaryň reňki üýtgeýär. «Aždarha» tansynyň üsti bilen halk suwa bolan islegini, arzuwlaryny Beýik Biribara hereketler arkaly ýetiripdirler. «Ýelpewaçly» tansy zenan maşgalalar ýerine ýetirýär. Ýeňiljek hereketler bilen howanyň ýüzünde gaýyp ýören tansçy näzik hereketleri bilen diňe bir özüne däl, eýsem, töweregine hem serginlik dileýär. Tansçynyň şatlyk-begenjini beýan edýän «Lentaly» tansy, «Saýawanly» tansy iň ökde zenan maşgalalar ýerine ýetirýärler. Ol baýlygy, bolçulygy alamatlandyrýar. «Gylyçly» tansy oýnaýan ýigitler bolsa, hytaý halkynyň batyrlygynyň, ýurduna wepalylygynyň taryhyny sözleýär. Mahlasy, tanslaryň üsti bilen halkyň geçmiş durmuşy we gadymy däp-dessurlary beýan edilýär.

ÖZBEK TANSLARY: BOÝUNLARYŇ, ELLERIŇ, KELLÄNIŇ SAZLAŞYGY
Bir derýadan nemlenip, bir aýdymdan heňlenýän türkmen-özbek dostlugy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şahy köýnekleri, ala donlary, dörtburç kellepoşlary bilen tapawutlanýan özbek halkynyň baý aýdym-saz sungaty bar. Saçlary kyrk örülen özbek gyzlary deprege goşup tans edenlerinde, aýaklary ýere degmeýändir öýdýärsiň. Özbek halk tanslary boýunlaryň, elleriň, kelläniň sazlaşykly hereketi bilen dünýä meşhurdyr. Bir kökden köpelendigine seretmezden, özbek milli aýdym-tanslary ýerli aýratynlyklaryna görä, «Andijan» tansy, «Namanganyň almasy», «Horezm ýellesi», «Buhara waheý-waheýi» ýaly görnüşlere bölünýär. Mundan başga-da, «gülüm», «lazgi», «burdam», «darboz» ýaly tanslar üstünden ençeme asyrlar aşsa-da, üýtgewsizligine galandyr. Aýdymdyr tanslaryň köpdürlüligi ýaly özbeklerde dombra, setor, tanbur, ud, rubab, balaman, surnaý, kernaý, nagara ýaly saz gurallary bar. Her bir aýdymdyr tans özbek halkynyň baý medeniýetiniň taryhydyr.

RUS TANSLARY OBA DURMUŞY BILEN AÝRYLMAZ BAGLANYŞYKLY
Köpmilletli Russiýada halk tanslarynyň görnüşleri diýseň kändir. Olar öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olarda giňgöwrümlilik, henek-ýomak atyşmak, oýun-gülki hereketleriň üsti bilen berilýär. Rus tanslary rus halkynyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Şonuň üçin folklor tanslary oba durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tanslarda köpçülikleýin gezelenç etmek, her ýyl bolup geçýän milli baýramçylyklar, halkyň gazananlarynyň sergileri öz beýanyny tapýar. Rus folklor eserleriniň iň gadymylary «horowod» bilen «plýaskadyr». Edil beýleki halklarda bolşy ýaly, rus tanslarynyň hereketleri-de tebigat hem-de bolup geçýän wakalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Rus halk tanslarynda sypaýylyk, utanjaňlyk, ýerliklilik öz manysyna eýedir. «Horowod», «kadril», «tanok», «kalinka», «barynýa», «kazaçok», «prisýadka» ýaly tans görnüşleri hem rus medeniýetini açyp görkezýär. Olaryň tanslaryna halkyň milli häsiýetleri, meşgul bolýan işleri, durmuşy degişmeleri, toý-baýramlary bilen baglanyşykly hereketler mahsusdyr. Rus halk tanslary — munuň özi rus halkynyň taryhy baradaky kyssadyr. Bu tanslar gahrymanlaryň görkezen gaýduwsyzlyklary, batyrlygy bilen baglanyşykly saz eserleri bilen bezelipdir. Rus tanslary köpdürli öwüşginliligi bilen dünýä medeniýetiniň üstüni ýetirýär.

RUMYNLARYŇ ÇYLŞYRYMLY WE BAÝ FOLKLOR DÄPLERI BAR
Gündogarda elleriň hereketlerine aýratyn üns berilýän bolsa, günbatarda esasy orun aýaklaryň hereketlerine degişlidir. Ýewropa ýurtlary ýekelikde däl-de, ýoldaşly tans etmegi gowy görýärler. Edil şolar ýaly, Rumyniýada hem tans edilende esasy orun aýaklara berlip, tansçylar hatar-hatar bolup oýnaýarlar. Rumynlaryň örän çylşyrymly we baý folklor däpleri bar. Olaryň tanslary özüniň owadanlygy, köpdürlüligi bilen birlikde milli medeniýetini we sungatyny giňden açyp görkezýär. Bu ýurduň tanslary halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, olar hereketleriň üsti bilen toý-baýramlara mahsus däpleri beýan edipdirler. Rumynlarda aýdym bilen saz bitewüdir. Tans oýnalanda, saz guraly bolmadyk ýagdaýynda elleri çarpmak arkaly owaz döredipdirler. Bu däp häzirki günlerde hem dowam etdirilýär. Rumyn tanslary Balkan-karpat tans toparyna girýär. Şeýle-de bolsa, balkan halklaryna seredeniňde, bularda çalasynlykda we sazlaşykda tapawut bar. Tans edilende zenan tansçylara mylaýym hereketler mahsus bolsa, erkek kişiler olara görä, has çakgan we güýçli hereket edýärler. Olaryň tanslary ýerli aýratynlyklaryna görä häsiýet taýdan özboluşlydyr. Bessarabiýanyň, Walahiýanyň, Banatyň, Olteniýanyň, Dobrujanyň, Transilwaniýanyň folklor toparlarynyň ýerine ýetirýän sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanýarlar.

TÄJIK TANSLARY DÜNÝÄ MUŞDAKLARYNY HAÝRANA GOÝÝAR
Ajaýyp dag-dereleri, şaglap inýän şarlawuklary, adam aýagy sekmedik jülgeleri bilen haýran galdyrýan bu ýurdy görmäge göz gerek. Milli senetçiligiň aňrybaş derejede ösen ýurdy bolan Täjigistanda agaçdan ýonulyp ýasalýan sandyklar, tabaklar oýma nagyşlary bilen meşhurdyr. Şeýle gymmatly kesp-kärler atadan ogla, eneden gyza geçip gelýär. Täjik aýdym-sazlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Bu halkyň saz gurallary birnäçe topara bölünýär. Olara koşuk, kaýrok, safoil, patnis, zang, labçang — idiofon saz gurallary; doýra, nagara, rez nagara — membranofon saz gurallary; kanon, çang, rubab, ud, tanbur, sato, dumbra — hordafon saz gurallary; kuşnaý, bulaman, naý, surnaý, kernaý — aerofon saz gurallary degişlidir. Täjiklerde «Nowruzy Buzurg», «Nowruzy Horo», «Boýçeçak», «Saýry güli» ýaly diňe Nowruz baýramynda aýdylýan aýdymlaryň ençemesi bar. Aýdym-saz sungatynyň esasyny «On iki mukam» we «Şaşmak» ýaly saz toplumlary tutýar. «Buzruk», «Rost», «Nawo», «Dugoh», «Segoh», «Irok» ýaly bölümlerden ybarat bolan saz toplumlary täjik halkynyň milli sazlary hasaplanýar. 2003-nji ýylda «Şaşmak» saz toplumy Täjigistanyň gadymy mirasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde täjiklerde «bürgüt», «ýolbars», «tilki», «leglek» ýaly janly-jandarlaryň ady bilen baglanyşykly tanslar ýörgünlidir. Jemläp aýdanymyzda, täjik halk tanslary dünýä muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar.


Sahypany taýýarlanlar
Ogulbeg JUMAÝEWA,
Hallygözel ŞANAZAROWA,
«Nesil»

"Nesil" gazeti, 13.06.2023

Tmpedagog