13.06.2023 Gollanma550

Boldumsaz


Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan Türkmen halkynyň baý geçmişi özleşdirmek üçin örän gyzykly maglumatlardan doludyr. Şolaryň biri hem adynyň aýratyn tapawutlylygy bilen eşidenleri pikirlendirýän Boldumsaz galasydyr.

Boldumsaz galasy Daşoguz welaýadynyň Boldumsaz etrabynyň Medenýet geňeşliginde, Daşoguz-¬¬¬Boldumsaz gara ýolunyň ugrynda, Daşoguz şäherden baranyňda sag gapdalda ýerleşýär. Gala ham kerpiçden örülip belli bir beýikliginde köne diwarlaryň yzy belli bolup dur. Bu taryhy gala öz döwrüniň ussat işçileri we ustalary tarapyndan berk gurulandygyna galanyň şu güne çenli ýetip gelmegi şaýatlyk edýär. Galanyň esasan berkitme galasy bolandygy barada çaklamalar bar. Sebäbi galanyň gündogar-demirgazygynda diňiň yzy belli bolup dur. Bu ýerde geçmişde rysgal-bereketli durmuşuň bolandygy we Boldumsaz galasynyň şol bereketli, bol hasylly topraklary gözegçilik etmek üçin ulanylandyr diýip bellesek ýerlikli bolar.

Gala taryhda b.e. I-XII-XVIII asyrlardan tä mongol çozuşlaryna çenli gülläp ösen şäher bolupdyr. Käbir maglumatlarda bolsa bu galany gadymy “Nuzwar şäheriniň galyndysy hasaplanýar. Boldumsaz diýen at hem gadymydyr ol baryp XIV asyrda duş gelýär” diýip bellenýär.

Boldumsaz adynyň manysy barada aýdanymyzda “Bu adyň saz diýen bölegi “sazlyk”, “gür ot-çöpli ýer” diýen manydadyr. Onuň buldum diýen sözi bolsa “suwly”, “batgaly” ýaly manyny aňladan bolsa gerek, çünki käbir dialektlerde byljum - “batgaly” diýmekdir. Diýmek, Buldumsaz – “batgaly, suwly sazlyk”, ýagny “buldum sazlygyň içindäki gala” diýen manydadyr” diýip S.Atanyýazow öz “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündiriliş sözlügi” kitabynda belläp geçipdir. Bu kitapda suwly ýerleriň atlary hökmünde buldum we bul sözleri bilen gelýän Buldumgassap, Bulmujur, Bulseňir ýaly sözler, şeýle-de suw bilen baglanyşykly dörän bulut (asmanda ýygnanan suw buglary), bulak (çeşme), buljura (guýynyň agzyna goýulýan halka), bulduramak, bylt-bylt, palçyj ýaly sözler hem tassyklaýar. Galywerse-de, şol döwürlerde bu galalaryň töweregi öň suwly, bag-bossanly, ösümliklere baý bolupdyr.

Ýerli ilat Boldumsazyň manysyna ýalňyş düşünip, bu barada dürli robaýatlar döredipdir. Şolaryň birinde şeýle gürrüň berilýär: Gadymy Ürgenjiň şasy bir ussa Köneürgençdäki häzirki minarany saldyrýar. Minaranyň gurluşygy soňuna ýetip barýarka şa beýle owadan we beýik minaranyň başga ýerde bolganymy islemändigi üçin ony guran ussany öldürmekçi bolýar. Bu habary ussanyň aşakdan kerpiç uzadýan şägirdi eşidýär we kerpije hat ýazyp, minaranyň üstünde işläp ýören halypasyna habar berýär. Ussa şotaýda özine ganat ýasanmak üçin gerekli zatlary şägirdinden aldyryp ganat ýasanýar we minaranyň üstünden uçup, Boldumsaz galanyň üstüne gonýar we “Boldum indi saz” diýip uly ses bilen gygyrypdyr. Soňra ol Hywadaky minarany hem salýar. Hamala, şondan soň gala şu at dakylyp galanmyş.

Bundan başgada käbir çeşmelerde Boldumsaz adynyň “sazly boldum”, “men tüýdik tapyndym” diýip düşündirilýän ýerleri hem gabat gelýär.

Boldumsaz etrabynyň ady wagtal-wagtal üýtgäp durdy. Ata watanymyz öz garaşsyzlygyny alandan soň 1992-nji ýylynda Kalininskiý etraby Daşoguz welaýatynyň bir bölegine öwrüldi we Boldumsaz etraby adyny aldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşlary döwrinde, Halkyň arkadagly zamanasynda bolsa ýagny 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Gubadag etraby Boldumsaz ertaby bilen birikdirildi.


Begenç ÇÄŞEMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.

chashemov92@gmail.com, 10.06.2023

Tmpedagog