Danalaryň nesihaty
*Iň gowy hazyna — ýagşylyk etmek. Onuň gazandyrýan sogaby süňňüňi ýeňledýär, işiňi ugrukdyrýar.
*Göwnüňe nähak deglen bolsa hem, sen hoşamaý sözler bilen jogap ber.
*Her zadyň gözelligi bar, haýyr işiň gözelligi geňeşli edilen işdir.
*Hemişe hoşamaý sözli we arassa niýetli bol! Gedemlik seni birinden haýbatly görkezýän bolsa hem, ol hiç wagt abraýyňy artdyrýan däldir.
*Ýagşy gylyk — iň gözel ýoldaş, gopbamsylyk bolsa üsti gömülgi bir dertdir. Ol ahyry bir gün hemmelere äşgär bolar.
*Her işe oýlanyşykly çemeleşmek mal-mülküň artmagyna, rysgalyň zyýada bolmagyna we berekediň köpelmegine elter.
*Ataňdan galan mirasa däl-de, öz akylyň bilen gazanan zadyňa buýsan!
*Alym, takwa we halalhon adamlara ýoldaş bol! Şonda bilmeýäniňi öwrenersiň, bilýäniňi aňyňda berkidersiň, ylmyň artar, edebiň gözelleşer we ruhuň päklener.
*Gurply adamyň sowatsyzlygy ony ýere çökerip biler, garyp adamyň ylymlylygy ony ýokary göterip biler.
*Akylly adam — bu hemişe özgelere maslahat berýän däl-de, gerek ýerinde özi hem özgelerden maslahat soraýan adamdyr.
*Il-günüň hormat-sylagyna eýe bolmagyň iň ygtybarly ýoly hemişe ýagşy häsiýetli bolmakdyr.
Toplan: Mähri ÝUSUPOWA,
Şabat etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 08.06.2023