10.06.2023 Gollanma84 .

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar


Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli.

С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Iş ýerinde we öýde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Özbaşdak derman serişdelerini, şol sanda antibiotikleri ulanmaly däl.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul etmeli.

Gök öňümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berjaý etmeli.

Iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary dogry berjaý etmeli, olary söwda merkezlerinden satyn alyp, öý şertlerinde belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamagy we ulanmagy unutmaly däl.

Tomus paslyna laýyklykda geýinmeli.

Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmaly, başgap ýa-da ýaglyk dakynmaly. Howuzlarda we deňizde suwa düşülende suwa düşmegiň tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

Sagdyn iýmitlenmek üçin tomus paslynda kakadylan we şöhlat önümlerini ürç edip iýmekden saklanmaly.

Öý şertlerinde azyk önümleriniň gaplanýan wagty, gaplama usullarynyň gigiýeniki talaplaryny berk berjaý etmeli.

Gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 07.06.2023

Tmpedagog