06.06.2023 Gollanma85 .

Şahyryň arzuwlary hasyl boldy


Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzadyň kalbynda uly orun aldy. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi buýsançly wakadyr.

Şahyryň jöwher şygryýetinde türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda ýüreklerinde besläp gelen mukaddes arzuw-islegleri, geljege bolan ýagty umytlary öz beýanyny tapypdyr. Adamyň dünýägaraýşynyň gözelligi dürli sungat eserlerinde, çeper döredijilikde, ýerine ýetirilýän işde hem-de sözleýişde ýüze çykýar. Akyldar şahyryň goşgularyny okasaň, dünýägaraýşyň-da baýlaşýar. Çeper sözüň ussady, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyýete akyl-paýhas öwretmek bilen çäklenmän, okyjysy bilen ynsanyň kalbyny, duýgusyny güýçli tolgundyrmaga, kalbyňa ýagşylyk nuruny çaýmaga ukyply bolan çeper dilde sözleşip, çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiligi netijesinde dörän manyly setirleri bilen kalbyň çuňlugynda uly täsir döredýär. Ol setirleri okadygyňça okasyň gelýär. Akyldar şahyryň döredijiligindäki öwüt-ündewler, kämil hem-de çeper görnüşler şahyryň içki dünýägaraýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiligine mahsus bolan bu aýratynlyklar türkmen halkynyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryna-da täsirini ýetiripdir. Beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa pürepür şygyrlaryndan hem onuň döredijilik däplerinden täsirlenen türkmen nusgawy şahyrlary milli dilimiziň many goýazylygyny, şirinligini öz eserlerinde ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyrlar.

Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ruhy genji-hazynasyny manyly sözler bilen baýlaşdyran söz ussadymyz, halkymyzyň guwanjy Magtymguly atamyzyň çeper döredijilik dünýäsi halkymyzyň milli dünýägaraýşyna, umumadamzat ýaşaýyş-durmuşyna, medeniýetine uly täsir edipdir. Akyldar şahyr Magtymgulynyň gadyr-gymmaty barha artýar. Özüniň ajaýyp setirleri bilen ynsan kalbynda öçmejek yz galdyran şahyr diňe bir biziň ýurdumyzda tanalman, goja Zeminiň dürli künjeginde giňden tanalýar. Özümiň ýandepderçäme dostlukly halklaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň beýik Magtymguly barada aýdan ajaýyp pikirlerini belläp goýupdyryn.

Magtymguly Pyragy tutuş döredijiliginde türkmeniň milli ruhuny, däp-dessurlaryny, milli häsiýetlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn uly üns beripdir. Şahyr halallygy, päkligi her bir türkmeniň zerur häsiýeti hasaplapdyr. Olary her setiri düre barabar setirleriniň süňňüne siňdiripdir. Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasy, akylly-parasatly we dana pikirleri bilen il-ýurduny, halkyny agzybirlige çagyrypdyr. Bir bitewi döwletli bolmagy, Berkarar türkmen döwletiniň bina bolmagyny arzuw eden şahyryň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýen setirlerini ýatlanymyzda, bu gün türkmen döwletiniň binýadynyň berkdigine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletdigine, sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigine buýsanýarsyň, guwanýarsyň.

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýen şahyryň arzuwy indi hasyl boldy.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly, Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gün-günden at-abraýy, mertebesi has artýan ýurdumyzda beýik şahyryň ajaýyp arzuwlary özüniň has aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyz agzybirlikde, asudalykda, jebislikde, parahat durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmen topragy bu gün parahatçylygyň we ynsanperwerligiň merkezine öwrüldi.

Galpakbaý GURBANBAÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.06.2023

Tmpedagog