03.06.2023 Gollanma131 .

Halypalaryň göreldesi — şägirtleriň ýörelgesi


Halk bir gözli çeşme. Men şu ýazgymda halypa-şägirtlik ýolunyň hikmeti hakynda halk arasyndan eşiden del-dürüşde gürrüňlerimiň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim.

Irräk döwürde okapdym: «Tekepbir şägirtleriň soňy bolmaýar, olar basym ýok bolýarlar. Olar ýaňy gözügip ugranda, «doluja» gaba öwrülýärler. Doly gaba bolsa başga zat syganok» diýip. Tekepbirlik diýen närse bu ýoluň aýakbagydyr.

Beýik rus şahyry A.S.Puşkin öz halypasy W.A.Žukowskiniň deňine baryberenem bolsa, mydama onuň öňünde başyny egipdir. Muhammet pygamber her bir söhbetdeşini özüne halypa tutunar eken. Neneňsi pespällik, neneňsi gözel garaýyş?! Şonuň üçin olar hakydalarda galyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowa «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen atalar sözüniň manysyny seljermek üçin sorag berenleri ýadyma düşýär. Şonda ussat halypa: «Ol zatlar — yhlasa bagly zatlar. Ýöne men bir zady açyk aýdyp biljek. Şägirdiň halypanyň deňine barybermegi mümkin, ýöne ozduryp bilmez. Meniň halypam Soltan akganyň (Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Soltan Atanepesowyň) «Maşalak ýarymyny», «Alsakar atyny», «Sataşdymyny» hiç bir şägirdi-de ussadyň derejesinde aýdyp bilmedi» diýip jogap beripdi.

Halypa ýazyjy Naryman Jumaýew ýaşlara: «Öz ýazan zadyňyzy işleýän neşiriňizde ürç edip bermekden daş duruň! Beýtmek salykatsyzlykdyr, onsoňam gowşaklyga, çig-çarsylyga alyp barar» diýer eken.

Meşhur awar şahyry Resul Gamzatow şägirtlerine: «Derejesi siziň derejäňizden pes adamlar hakynda ýazsaňyz, söz owadanlajak bolup dert-azara galarsyňyz. Käte howaýy jümleler peýda bolar. Bu bolsa siziň abraýyňyza däldir» diýip aýdar eken.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 01.06.2023

Tmpedagog