01.06.2023 Gollanma81 .

Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz ähli babatlarda belent sepgitlere ýetýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda edebi mirasymyzy öwrenmek meselesine-de uly ähmiýet berilýär. Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda halkyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden taryhy, edebi, medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge giň şertler döredilýär. Munuň şeýledigine Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiliginiň öwrenilişiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär.

Şahyryň döredijiligi paýhas ummanyny ýada salýar. Onuň goşgularynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy halkymyzyň ruhy gymmatlygynyň, medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Üç ýüz ýyla golaý mundan ozal döredilen eserler häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Olar dünýä halklarynyň dillerinde ýaňlanýar hem-de ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik, il-ýurt hakyndaky şygyrlar has-da görnükli orny eýeleýär. Ol öz ýurduny, halkyny ýürekden söýüpdir hem-de türkmeniň berkarar döwlet gurup, agzybirlikde, asudalykda, jebislikde rahat ýaşamagyny arzuw edipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde akyldar şahyryň goşgularynyň uly terbiýeçilik ähmiýeti bar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy işlerde, makalalarda we çykyşlarda onuň garaşsyz döwletiň gurulmagyny arzuw edendigi, döwletlilige umyt baglandygy barada aýdylýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşlere beslenýär. Munuň özi Magtymgulynyň «Çoh garaşan ajap eýýamydyr». Türkmenistan döwletimiz bu gün jenneti mekana öwrüldi. Bu ajap mekanda toýlar toýa ulaşýar. Şu beýik işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Oguljan HOJAMBERDIÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti", 29.05.2023

Tmpedagog