01.06.2023 Gollanma150 .

Ömür daragtdyr süýji miweli...


...Durmuş baradaky pikir öwürmelere sähel zat sebäp bolup bilýän ekeni. Bir gün işden öýe gaýdyp gelýärkäm, öňümden goňşymyň gelni çykdy. Gelin meni görüp, badyny biraz haýalladyp, ýaşmagynyň ujuny dişläp, başyny atyp, edep bilen salamlaşdy. Soň men öz ýolum bilen boldum, olam ýaňy aýak biten posalajyk oglunyň elinden tutup, howlukman ýöräp gitdi. Şol görnüşden ýadawlygym egsilen ýaly boldy. Öz ýanymdan: «Tüweleme, goňşymyň edaly, maýa ýaly gelni bar, gözden-dilden gorasyn...» diýip, dileg etdim. Halk içinde: «Gaýyn-gelniň topragy bir bolarmyş» diýilýändir. Ýöne şol «toprak» diýilýäni bir gysym gum däl-de, göwün topragy bolmaly. Onda bitýän sylaşyk miweleri öýüňi agzybir, ojagyňy rysgally edýär. Biziň her birimiz gaýynene bolmak mekdebini ýaş gelinlik döwründen okap başlaýarys. Gezek gelende-de, bu agzybirlik sapagyny öz gelinlerimize öwredýäris. «Gelin gelin däl, gelen ýeri gelin» diýýändir könelerimiz. Özüm gaýynene bolan günüm bu jümläniň manysyna doly göz ýetirdim. Elbetde, gelin bolup bosagaňdan ätlän çagany öz edebiňe salmaly, öz öýüň girim-çykymyny öwretmeli, bilýänjäňi paýlaşmaly, ýalňyşlardan goramaly. Ýöne gaýyn bolmagyňam özüne ýetik inçe syrlary, syny, edebi bar. Indi seredip otursam, özüm täze gelin bolup durmuşa çykyp gelenimde, gaýynenemdir gaýynatam o diýen uly ýaşly däl hem bolsa, biziň üçin ýaşuludy, ene-atady. Ene-atalyk bolsa, ýaşyňa görä däl-de, edebiňe, agraslygyňa, pähimdarlygyňa görä kesgitlenýär. Olaryň aýdanyny ýerde galdyrmak biziň üçin ýolberilmesizdi. Olaryň her sözüni sapak edinjek bolardyk. Eden işimize, «Berekella!» alaýsak dagy, şol gün edil döşüňe medal dakylan ýaly bolýansyň.

Öý-içerini ýöretmekde-de her maşgalanyň öz girim-çykymy bar. Bir zatda bärräkden gaýdaýsaň dagy, gaýynenemden igençli sözi eşitmersiň. Köplenç, «Balam, guzym» diýip, dogry ugruny salgy berer. Men bu öýe gelen günümden, özümi täzeden hossarly duýdum. Bu duýgynyň kökleriniň gaýynenemiň mähribanlygyndan güýç alyp berkändigini nagt bilýärin. Ýyllar geçdigiçe-de, ol agzybirlik pudagyny giňden ýaýyp, süýjüden-süýji döwletlilik miwelerini berdi. Muňa ömür daragty diýerler. Durmuşyň her paslynda-da onuň özüne ýetik ýakymy bar. Biz hem indi gaýynene bolup, döwletli törüň eýesi, toýlaryň beýemçisi bolduk. Ogul ýerinde oglumyz, gyz ýerinde gyzymyz, gelin ýerinde baýdak ýaly gelinlerimiz bar. Her säherde agtyjaklarym oýanyp gujagyma dolanda, olary bagryma basyp, ýaňajygyndan ysgap ezizleýärin. Ykbalymyň iň owadan pursatlarynda her gezegem mähriban gaýynenemi gowulykda ýatlaýaryn. Ol meniň üçin diňe bir mugallym, durmuş sapagynyň ussat halypasy däl, ol meniň üçin ýakyn syrdaş, çyn hossar boldy. Onuň maňa beren sapagy döwletli maşgalamyzda ýol-ýörelgä öwrüldi. Ony pugta okap, mynasyp dowam etdirsek, maşgala daragtynyň mukaddeslik gözbaşlaryna hiç zat ýokmaz. Çagalarymyzyň bagtyna bu ýoly ömre sapak, başa täç edineliň, mähriban boýdaşlar!

Oraznabat AGAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 68-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, 05-2023

Tmpedagog