Wepadarlyk
Geçen asyryň segseninji ýyllarydy. Tomsuň ortaky aýynda haly dokamaga girişdim. Halynyň kesilmegine az wagt galanda, çitimlik ak ýüplügiň ýetmezligi uly alada goýdy. Bazarda ak ýüplügiň köpdügine gözüm ýetip dursa-da, onuň öňki ýüplüge meňzeş boljagy ýa bolmajagy alada goýupdy. Şol alada bilen bazara ugradym. Hatara oturan dürli görnüşli ýüplükleri satýan aýallaryň arasyna baryp, synlamaga başladym. Ol ýerde halydyr palas üçin reňkler, sapaklaryň dürli görnüşleri, boýalan, boýalmadyk ýüplükleriň dürli görnüşleri bardy. Ýüplükleriň hemmesine birlaý göz aýlasam-da, özüme geregine nazarym düşmedi. Gerek zadym tapylmansoň, gaty gynanýardym. Yzyma boş gaýtmak islämokdym. Näme etjegimi bilmän durdum. Ine, birdenem, bazaryň aňry çetinde bir gysym bolup oturan zenana gözüm kaklyşdy. Gözleýän ak ýüplügim ol zenanyň öňünde duransoň, eglenmän ýanyna baryp:
— Ýüplügiň bahasy näçe? — diýip soradym.
Elimdäki bölejik ýüplük bilen deňeşdirenimde, ýüplükleriň reňkleriniň meňzeşdigine begendim.
Ikinji gezek soranymda-da, zenandan ses çykmady. «Be, bu nähili boldy, gyz. Öz-ä söwda edýär, bahasynam aýdanok...» diýip, birhili boldum.
Şol wagt onuň gapdalynda oturan bugdaýreňk zenan:
— Siz geňirgenmäň, eger ýüplük göwnüňize ýaran bolsa, alaýyň. Bu zenan juda päkize, halal maşgala. Ýöne bende gürläp bilenok, geplemekden, eşitmekden galan. Sen onuň ýumagynyň içi nähilikä, arassamyka diýip pikirlenip durma. Men muňa şaýat. Bu meniň goňşymyň jigisi — diýdi.
Men oňa:
— Ýüplügiň bahasy näçe bolýar? — diýip ýüzlendim. Onda ol:
— Bazaryň nyrhy näçe bolsa, senem oňşaý — diýdi.
Ýüplügi alyp, gapdalymda goýdum-da, oturanlaryň maslahaty bilen, pulumy bermek üçin şol zenanyň ýüzüne seredenimem şoldy welin, mende üýtgeşik bir duýgy döredi. Onuň balkyldap duran owadan gözleri, naýynjar garaýşy maňa bir zatlar diýýän ýalydy. Ol ellerini sandyr-sandyr edip, puly zordan aldy-da, gözüni ýumup, esli salym oturdy.
Bu pursady synlap durmak gaty agyr düşdi. Meniň bolup durşumy synlap oturan hälki daýza:
— Bu heniz durmuşa çykmadyk, telpege nika gyýlan — diýdi.
Men öňkimden has beter aljyrap:
— O nähili beýle bolýar? — diýenimi duýman galdym.
— Bu gyzy kejebeläp goňşy obadan getirmäge gidilýär. Kejebe heniz ýigidiň öýlerine barmanka-da, öýlenmedik ýigide habar gelip, urşa gitmeli bolýar. Ana, şol gün hem bu gyza telpege nika gyýlyp, ömürlik ýalňyz galýar...
Bazardan ýüplügi alyp, howlymyza girip-girmänkäm, aýal doganlarym Ogulsona, Täşjan hem-de Näzbibiniň uly şowhun bolup, gujurly gollary bilen batly urýan darak sesleri meni özüme getirdi.
Alan ýüplügim doganlarymyňam göwnüne ýarady. Sebäbi ýüplük edil öňki ýüplük bilen bile egrilen ýalydy. Haly ertesi günortanlar kesildi. Öýüň törüne bezeg berip duran haly meniň kalbymy üýtgeşik duýgulara eýe etdi. Ýar gujagyna wepaly, mukaddes ojagyň müdimilik eýeleri bolup galan ajaýyp türkmen zenanlary türkmen halkynyň elýetmez, iň beýik hem synmaz sütünleridir. Ojagyna müdimi wepaly, ahlaklylygyň nusgasy bolan türkmen zenanlary şeýle-de bolmalydyr.
Şol zenanlaryň biri-de, goňşymyz Täzegül daýzady. Ol pahyr ömrüniň soňky günlerine çenli «Kerwen pahyr» diýip, ýanýoldaşynyň adyny agzyndan düşürmezdi. Täzegül daýza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň yzynda ýar ojagyny saklap galan zenan hökmünde döwlet tarapyndan berilýän sylag-serpaýlara, ýaşaýyş jaýyna mynasyp boldy. Ol tä ömrüniň ahyryna çenli agtyk-çowluklary bilen özleri hakda döwlet tarapyndan edilýän aladalara guwanyp, buýsanyp ýaşapdy.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, gahrymanlar ölmeýärler, olar halkymyzyň hakydasynda mydamalyk ýaşaýarlar.
Ogulsoltan GELDIMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
"Zenan kalby" žurnaly, 05-2023