27.05.2023 Gollanma106 .

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-etnopedagogikanyň esasy


Söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy we dil baýlygy şygyrýet äleminiň bahasyna ýetip bolmajak gadyr-gymmatly hazynasydyr. Türkmen nusgawy edebýatynyň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragy özüniň bütin manyly ömrüni, joşgunly zehini mähriban halkyna bagş eden, öz il-ýurduny, Watanyny tüýs ýürekden söýen, onuň ar-namysy bar zatdan belent hasaplan hakyky watançy şahyrdyr. Çuňňur hormatlanýan Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrýet älemi türkmen edebýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyran çeşmesidir.

Magtymguly Pyragy edep mekdebi. Gündogaryň ölmez-ýitmez şygyrýet älemini kemsiz özleşdiren, adamlary akyl we ahlak taýdan terbiýelemekde ajaýyp nusga görkezen Magtymguly atamyz biziň her birimiziň kalbymyzda baky orun tapdy. Onuň Hakdan halatly goşgulary diňe bir ýaş nesli terbiýelemekde, olarda gözel ahlagy kemala getirmekde esasy gollanma-çeşme bolman, eýsem, ýaş aýratynlygyna seretmezden ähli ýaşdaky adamlar üçin ruhy hörekdir, özüňi kämilleşdirmekde milli terbiýe mekdebidir. Akyldaryň goşgularyny kämil şahsyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleri bolan ylym-bilimliligi, päk ahlaklylygy, watansöýüjiligi, dogruçyllygy ündeýän gyzyldan gymmatly setirler tutýar. Bu dürdäne setirler halkyň aňyna şeýle bir ornaşypdyr weli, ýyllaryň ýeli, asyrlaryň ahy, daglaryň sili ony ýok edip bilmedi. Çünki Magtymguly Pyragynyň göwher setirleri, şygyrlary kagyza däl, halkyň kalbyna ýazyldy. Halk pedagogikasynyň esasy çeşmesi hökmünde gadyr-gymmatyny hiç haçan gaçyrman gelýän beýik akyldarymyzyň ajaýyp goşgy setirleri özüniň baş wezipesini-nesillere ýol görekezijiligini ýerine ýetirip gelýär. Magtymguly Pyragy ýöne şahyr däl, ol ähli döwürleriň, tutuş adamzadyň diňe oňatlygy ündeýän, ýagşylykda ýatlanylýan, maslahatda geňeşilýän mugallymydyr. Il arasynda “Magtymguly hemme zady bilenmiş” diýen ýörgünli jümle bar, dogurdan-da şahyryň:

“Magrupdan maşryga dünýäniň ýüzi,
Diýmäň, biz mälim däldir bu dünýä.”

ýaly setirleri köpçüligiň aýdýan şol pikirini tassyklaýar.

Magtymgulyny Pyragyny okan her bir ynsan ýagty jahana başgaça göz bilen garaýar. Ol bütin ömrüni halka ýagşy gylyklary, häsýetleri ündemek bilen geçirýär. Şahyryň esasy maksadynyň halka wesýet etmekdigini:

“Sözüniň diňleýe bir bilen bekle,
Maksadym nesihat etmekdir halka.”

diýen setirlerinde görmek bolýar. Magtymguly Pyragy halka we watana berlenligi, mertlik- batyrlyk, zähmete söýgini, päk ýürekliligi, birek-birege ýagşylyk etmegi, myhmanparaz, parasatlylygy, paýhasly sözleriň gymmatyna düşünmegi adama mahsus bolan iň esasy häsiýetler hasaplapdyr.

Türkmen maşgalalarynda çagalary we ýetginjekleri terbiýelemekde akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň ähmiýeti örän uludyr. Olarda halkyň baý durmuş tejribesi, milli terbiýe mekdebi, pikirleniş ukybynyň çeýeligi, durmuş hakykatyny kabul edip bilişi, pähimlilik hem-de päk ahlaklylyk ýaly sypatlary jemlenipdir.

Aýjahan ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň psihologiýa-pedagogiki bilimi ugrunyň magistranty.



Tmpedagog